Ï Arkadag şäheriniň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäheriniň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar

view-icon 6834

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, jemagat hyzmatlarynda peýdalanylýan tygşytlylyk hem-de ekologik howpsuzlyk babatda halkara talaplara laýyk gelýän ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ugurdaş tehnikalaryň, gurallaryň we enjamlaryň öndürilişi, şeýle hem olaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşmak üçin Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 2023-nji ýylyň 13 — 18-nji noýabry aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar.