Ï A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Möjekler we goýunlar» komediýasynyň ilkinji görkezilişi boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Möjekler we goýunlar» komediýasynyň ilkinji görkezilişi boldy

view-icon 3054
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Möjekler we goýunlar» komediýasynyň ilkinji görkezilişi boldy
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda A.Ostrowskiniň «Möjekler we goýunlar» komediýasynyň sahnalaşdyrylýandygyndan sahna sungatynyň muşdaklary köpden bäri habarlydy. Hyýalyňda meşhur pýesanyň döwre muwapyk sahnalaşdyrylyşy göz öňüňe gelýärdi, ýöne režissýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Wolkowa pýesanyň ýordumyny döwrümize kybap getirjek bolup oturmady.

Çünki möjekler we goýunlar baradaky rowaýat heňňam kimin gadymy bolsa-da, islendik jemgyýetde hemişe ynanjaňlar, şonuň ýaly olaryň ynanjaňlygyndan peýdalanyp girdeji edinmäge höwesekler duş gelýär. Şeýle bolsa bu komediýada haýsydyr bir zady üýtgetmek gerekmikä beri?

Spektaklyň mazmunyna görä, ýaş baý dul aýal Kupawina barjamlylygy üçin oňa aşyk bolýanlar-da, şäher ilatynyň hormatlaýany Murzaweskaýa ýalylar-da onuň daşynda hozanak. Dul zenan, hamala, merhum adamsynyň gol çeken galp töleglerini töleýär we Murzaweskaýanyň bihepbe ýegenine durmuşa çykmakçy bolýar. Edil şol wagtam paýtagtdan Berkutow gelýär, dul aýalyň mülküniň üstünden demir ýol çekiljekdigini bilip, oňa özüne durmuşa çykmagyny teklip etmäge howlugýar.

Dul aýalyň işini gowy öwrenen Berkutow Murzaweskaýany we Çugunowy kezzaplykda paş edýär hem-de olary kazyýet jogapkärçiligine çekilmejek bolsalar, dul galan zenandan alandakysyndanam has köp pul talap edýär. Şeýlelik bilen sowuk möjek birden peýda bolsa, möjekler hemişe goýna öwrülip biler.

Ostrowskiniň gülküli pýesasynyň sahnalaşdyrylmagy tötänden däldir. Şu ýyl dramaturgyň doglan gününe 200 ýyl dolýar. «Möjekler we goýunlar» spektakly A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň işgärleriniň we köp sanly tomaşaçylaryň ýazyjynyň ýagty ýadygärligine hormatydyr.

Aktýorlar, şol sanda ikinji derejeli keşbi döredýän aktýorlar hem bu spektaklda misli aýdym aýdýan kimin çykyş edýärler. Spektaklyň sazy hökmünde alnan «Bolanyň bary şeýle» romansy Ostrowskiniň pýesasyndan has soň ýazylypdyr. Romansyň joşgunly sazy gahrymanlaryň tansy bilen utgaşyp, komediýany wodewile meňzedýär. Teatryň tikinçilik sehi-de gowy işläpdir. Aktýorlaryň eşikleriniň kemi ýok.

«Möjekler we goýunlar» komediýasynyň görkezilişi 9-njy dekabrda bolar, tomaşaçylar hem oňa tomaşa etmekden lezzet alsalar gerek.