Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 7991

Çuňňur hormatlanylýan
Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Türkmenistanyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Size merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen bedewlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň, gymmatlyklarynyň halkara derejesini beýgeltmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryňyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň we onuň ähli agza ýurtlarynyň giň goldawyna mynasyp bolýar. Bu bolsa türkmen halkynyň hem-de tutuş adamzadyň belent ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň bähbidine gönükdirilen medeni we ylmy diplomatiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen pederlerimizden miras galan atşynaslyk ýörelgeleri täze taryhy döwürde döwrebap derejede ösdürilýär. Munuň özi dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan halkymyzyň atşynaslyk däpleriniň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň ahalteke atçylygy bilen bagly milli däp-dessurlary, bedewleriň bezegini alamatlandyrýan çylşyrymly çeperçilik önümleri halkymyza mahsus, nesilden-nesle geçip gelýän milli aýratynlyklarymyzyň biri bolup durýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewine bolan ählihalk söýgüsiniň nyşany hökmünde giňden dabaralanýar. Diýarymyzda atçylyk sportunyň has-da ösdürilmegine, ahalteke bedewleriniň taryhy watanynda bedewler bilen baglanyşykly milli ýörelgeleriň bütin dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açýar. Dünýäde türkmen bedewleriniň at-owazasyny beýgeldýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary abraýly halkara festiwallaryň we bäsleşikleriň iň ýokary baýraklaryna mynasyp bolup gelýär. Ahalteke bedewlerine bagyşlanyp ýazylan kitaplaryň, ylmy we döredijilik eserleriniň dürli dillerde neşir edilmegi bolsa halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň taryhy gymmatlyklaryny, at-abraýyny äleme jar etmekde, ahalteke atlarynyň muşdaklaryny, seýislerini, atçylyk sporty bilen meşgullanýan hünärmenleri hem-de ähli bedew janköýerlerini biri-birine ýakynlaşdyrmaga uly ýardam berýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Ýakynda Köpetdagyň gözel künjeginde ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen täze, döwrebap athananyň ulanmaga berilmegi Siziň atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda alyp barýan işleriňiziň belent derejä göterilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Siziň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň okuwlaryny täze athananyň işi bilen utgaşykly alyp barmaklary, ýaşlaryň bedewleriň arasynda ýygy-ýygydan bolup, atşynaslygyň milli hem-de häzirki zaman tejribelerini özleşdirmekleri bilen baglanyşykly meselelere üns bermelidigi barada aýdanlaryňyz behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda edýän tagallalaryňyzy aýdyň görkezýär.

Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi ýurdumyzyň häzirki wagtda dünýä medeniýetiniň baýlygyny — ahalteke bedewini geljek nesiller üçin aýawly saklaýan iri halkara merkez bolup durýandygyny dolulygyna äşgär edýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan tagallalaryň aýdyň netijesidir. Ata-babalarymyzyň ruhuna wepaly halkymyz üçin ahalteke bedewi gözelligiň nusgasy, ylym we döredijilik üçin ylham çeşmesi, sport hem saglyk, döwrümiziň depginli ösüşiniň nyşany bolmak bilen, dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.