Ï Türkmenistanda lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirilýär

view-icon 4336
Türkmenistanda lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirilýär
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty öz işine başlady. Iki günläp dowam edýän wekilçilikli forum şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça guralýar.

Daşary döwletler, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk häzirki döwrüň meseleleriniň giň toplumy boýunça sazlaşykly çemeleşmeleri, deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamak ugrunda işjeň çykyş edýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk Hereketiniň giňişliginde soňky ýyllarda ýola goýan netijeli gatnaşyklary bellenilmäge mynasypdyr. Häzirki döwürde bu gurama dünýäniň 120 döwletini harby-syýasy toparlara goşulyşmazlyk ýörelgeleri esasynda birleşdirýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletiniň halkara giňişlikdäki garaýyşlary hut şu ýörelgelere esaslanýar. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine we parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik taglymlaryna ygrarlydygy bilen şertlendirilendir.

Ýokarda ady agzalan guramanyň çäklerinde 2020-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow agza döwletleriň epidemiýalara garşy göreşmek boýunça bilelikdäki işiniň esasy ýörelgelerini, olaryň öňüni almaga we aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumyny özünde jemleýän maksatnamalaýyn resminamany işläp taýýarlamagy teklip etdi. Ylmy diplomatiýanyň ugry boýunça lukmançylyk edaralarynyň köptaraply hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatda çykyş etmek bilen, ýurdumyz soňky ýyllarda netijeli başlangyçlaryň birnäçesini, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny; Öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça BSGG-niň köptaraply guralyny; BSGG-niň Ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça usulyýet merkezini; Merkezi Aziýada epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezi ýaly halkara we sebit gurallaryny döretmegi teklip etdi.

Goşulyşmazlyk Hereketiniň Aragatnaşyk toparynyň soňky sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça guramanyň ähli agzalary üçin elýeterli bolan Bitewi maglumat we usulyýet bankyny döretmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Bu ugurda bilelikde işlemek üçin ilkinji ädim hökmünde tejribe geçýän lukmanlaryň, alymlaryň, bilermenleriň, täze howplara garşy durmaga we onuň bilen bagly ýagdaýlary aradan aýyrmaga gatnaşýan halkara düzümleriň gyzyklanma bildirýän wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketiniň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyny geçirmek teklip edildi.

Ýylyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň birine öwrülen şu gezekki giň gerimli foruma gatnaşmaga köp sanly diplomatlar, Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň 30-a golaýyndan lukmançylyk edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we BMG-niň beýleki düzümleriniň wekilleri çagyryldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan utgaşykly görnüşde guralan iki günlük maslahatyň gün tertibine umumy gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi. Maslahatda koronawirus pandemiýasy we ondan soňky döwürde gazanylan tejribelere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berler.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda bu maslahatyň halklary we döwletleri jebisleşdirýän Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmegine biziň ýurdumyza bolan belent hormatyň, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ynsan saglygyny goramak babatda alyp barýan işlerimiziň ykrar edilmegi hökmünde garalýandygy nygtalýar. “Pandemiýa döwründe adamzadyň gabat gelen örän ýiti meseleleriniň özara baglanyşykly çözgütleri bilen bagly öňe sürlen taryhy tekliplerdir başlangyçlar Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýurtlarynyň garaýyşlarynyň bitewüdigini, aýgytlydygyny we berkdigini, belent ynsanperwer taglymlaryň tutuş adamzat üçin gymmatlydygyny görkezdi” diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda belledi we bu forumyň ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Umumy mejlisde çykyş eden BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýurtlary goldamak we hyzmatdaşlyk bölüminiň direktory, adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Gundo Weýler gyzyklanma bildirilýän meseleleri we bilelikdäki geljekki işleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýän bu çäräni geçirmek başlangyjy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, lukmançylyk diplomatiýasy saglygy goraýyş ulgamynda howpsuzlygy we adalatlylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň möhüm şerti bolup, ilatyň saglygy üçin ählumumy howplary ýüze çykarmakda, öňüni almakda hem-de aradan aýyrmakda halkara hyzmatdaşlygy sazlaşykly ýola goýmaga ýardam berýär. “Saglyk meselesini ählumumy dialogyň merkezinde goýan COVID-19 pandemiýasy adamzadyň abadançylygynyň saglygy goraýyş ulgamyna gönüden-göni baglydygyny aýdyň görkezdi. Bu ulgamy halkara hyzmatdaşlyk arkaly pugtalandyrmak möhümdir” diýlip, çykyşda bellenildi.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko ýygnananlary mübärekläp, şu gezekki forumyň jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmekde hem-de wehimlere garşy durmakda ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň arasynda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we beýleki gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky teklibi bilen baglylykda, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň anyk gurallaryny işläp taýýarlamagyň, tejribeleri we maglumatlary alyşmagyň zerurdygy nygtaldy.

D.Şlapaçenko Türkmenistanyň garaýyşlaryna, häzirki döwrüň meselelerini çözmek boýunça ählumumy tagallalara goşýan saldamly goşandyna ýokary baha berip, türkmen tarapynyň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň yzygiderli duşuşyklaryny, maslahatlaryny geçirmek baradaky teklibini goldamaga çagyrdy. Bu çäreler hemişelik hyzmatdaşlygy üpjün etmek, täze wehimleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de bilelikdäki hereketleriň anyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamak üçin meýdança bolar.

Maslahata gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, düzümi boýunça BMG-den soň ikinji orunda durýan Goşulyşmazlyk Hereketi döredilen gününden bäri geçen 60 ýyla golaý wagtyň içinde saglygy goraýşyň ählumumy gurluşyny emele getirmekde ähmiýetli orny eýeleýän gurama hem-de BSGG-niň esasy hyzmatdaşyna öwrüldi. Bu guramalar bilelikde hyzmatdaşlyk edip, ilatyň saglygyny goramak ulgamyndaky umumy meseleleri netijeli çözýärler.

Iri halkara forumyň dowamynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitleri baradaky çykyşlara aýratyn üns çekildi. Gürrüň, ilkinji nobatda, milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, onuň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlaryny dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak we beýleki ugurlar barada barýar. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamlaryň ortaça ýaşaýyş dowamlylygy yzygiderli artýar. Her ýyl gurlup ulanmaga berilýän häzirki zaman saglyk merkezleri bu ulgamyň üstüni ýetirip, onuň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, lukmançylygyň innowasion tehnologiýalary, iň gowy dünýä tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi ilatyň saglygy we abadan ýaşaýşy baradaky aladanyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygara eýerýän ýurdumyzyň içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Abraýly halkara guramalar, hususan-da, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, şeýle hem iri lukmançylyk edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Pandemiýanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge öz ýaramaz täsirini ýetirendigini belläp, foruma gatnaşyjylar 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde kesgitlenen maksatlara ýetmek üçin bilelikdäki işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar. Döräp biläýjek pandemiýany ýüze çykarmak, öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça BSGG-niň konsepsiýasyny, ylalaşygy ýa-da degişli halkara resminamany işläp taýýarlamak we kabul etmek saglygy goraýyş ulgamynda umumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ädimleriň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem Goşulyşmazlyk Hereketiniň döwletleriniň ylmy-lukmançylyk ugry boýunça hyzmatdaşlygyny ulgamlaşdyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezilýär. Howply ýokanç kesellere garşy göreşmek ulgamynda tejribeleri we usulyýetleri alyşmagy işjeňleşdirmek zerurdyr. Gurama gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň toplan oňyn tejribesini, gymmatly işläp taýýarlamalaryny hasaba almak bilen, bu işi yzygiderli we hemişelik esasda ýola goýmak möhümdir.

Umumy pikire görä, XXI asyryň wehimine öwrülen COVID-19 pandemiýasy giňeldilen ählumumy epidemiologik gözegçilik ulgamynyň, ylmy barlaglara we täze tehnologiýalary işläp taýýarlamaga maýa goýumlary goýmagyň zerurdygyny ýüze çykardy. Bularyň ählisi Hökümetleriň, halkara guramalaryň, ylmy we lukmançylyk edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň utgaşdyrylmagyny talap edýär. Dünýäniň howpsuz we durnukly geljegini döretmek boýunça umumy tagallalarda möhüm tapgyr bolan şu gezekki maslahatyň netijeleri hem bu ugra gönükdirilmelidir.

Daşary ýurtly myhmanlar iri forumyň ýokary derejede guralandygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, kärdeşlerini hem-de ähli türkmen halkyny ýetip gelýän şanly baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen gutladylar. Nygtalyşy ýaly, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlygy we haýsydyr bir harby gapma-garşylyga goşulyşmazlygy ugur edinýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine häzirki wagtda halkara jemgyýetçilik tarapyndan Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde garalýar. Gyzyklanma bildirýän ähli döwletler we hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň abraýy barha artýar. Türkmenistanyň möhüm halkara başlangyçlary, hususan-da, 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyjy, gürrüňsiz, ýokary baha mynasypdyr.

Mälim bolşy ýaly, Goşulyşmazlyk Hereketine gatnaşyjy döwletleriň köp sanlysy diňe bir bu başlangyjy goldap çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli Kararnamanyň awtordaşy hem boldular. Munuň özi maksatlaryň we tagallalaryň umumydygyny, jebisligiň ynsanperwer ýörelgelerine ygrarlylygy görkezdi.

Maslahata gatnaşyjylar şu gezekki forumyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, bagtyýar geljegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen köpugurly işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Umumy mejlis tamamlanandan soňra, maslahat öz işini «Pandemiýada we pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe gazanylan tejribelere esaslanýan hyzmatdaşlygy berkitmek», «Bilelikde hereket etmek üçin COVID-19 pandemiýasy we jemgyýetçilik saglygy çygrynda beýleki adatdan daşary ýagdaýlar döwründe döredilen täze gurallar we çemeleşmeler», «Adamlaryň, haýwanlaryň saglygyna we daşky gurşawa salynýan howplary azaltmakda «Bitewi saglyk» çemeleşmesi» atly aýratyn mejlislerde dowam etdi. Saglygy goraýyşda howpsuzlygy we adalatlylygy gazanmakda hem-de saglyga abanýan esasy howplaryň öňüni almak, ýüze çykarmak, olara garşy göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde lukmançylyk diplomatiýasynyň orny maslahatyň ikinji gününiň çäklerindäki ara alyp maslahatlaşmalaryň mowzugy bolar.

Maslahata gatnaşyjylar üçin Arkadag şäherine, şeýle hem paýtagtymyzyň muzeýlerine, gözel ýerlerine gezelençleri öz içine alýan medeni maksatnama göz öňünde tutuldy.