Ï Türkmenistanyň teatrlary Halkara Bitaraplyk gününi bellemäge çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň teatrlary Halkara Bitaraplyk gününi bellemäge çagyrýar

view-icon 3993
Türkmenistanyň teatrlary Halkara Bitaraplyk gününi bellemäge çagyrýar

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň şanyna ýurdumyzdaky teatrlarda daşary ýurtly nusgawy ýazyjylaryň, şeýle hem türkmen edebiýatynyň eserleri esasynda oýunlar görkeziler.

12-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry iňlis dramaturgy Wilýam Şekspiriň «Romeo we Julýetta» atly meşhur eserini halka hödürlär.

12-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda aýdym-sazly we degişmeli konsert bolar. Bu agşamyň maksatnamasy meşhur artistleriň we estrada aýdymçylarynyň çykyşlaryny öz içine alýar.

12-nji dekabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry gülküli «Oskar» oýnuny görkezer. Oýun fransuz dramaturgy Klod Manýeniň pýesasy esasynda goýlupdyr.

12-nji dekabrda sagat 19:00-da A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry «Halklaryň dostlugy» atly konserte çagyrýar.

12-nji dekabrda sagat 15:00-da Türkmen döwlet gurjak teatry iň ýaş tomaşaçylary Aladdin hakyndaky arzyly gündogar ertekileri esasynda goýlan oýnuň ilkinji gezek görkezilişi bilen begendirer.

12-nji dekabrda sagat 19:00-da Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýapon dramaturgy Kinosit Dzýundiziniň pýesasy esasynda goýlan «Durna umydy» oýny görkeziler.

12-nji dekabrda sagat 19:00-da Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry «Bitaraplyk owazlary» atly konserte çagyrýar.

«Hemişelik Bitaraplyk – parahatçylyk we dost-doganlyk joşguny» ady bilen ýurdumyzda 6-njy dekabrdan 13-nji dekabra çenli geçýän dünýä teatr sütünleriniň hepdeligi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýola goýlupdyr.