Ï «Eksport-import amallary üçin bir penjire» taslamasynyň möhleti uzaldyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» taslamasynyň möhleti uzaldyldy

view-icon 3208
«Eksport-import amallary üçin bir penjire» taslamasynyň möhleti uzaldyldy

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli uzaldyldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasynyň işgärleriniň arasynda degişli şertnama gol çekildi. Bu resminama bilen girizilen üýtgetmelere laýyklykda onuň ýerine ýetirilmegine Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi hem goşulýar.

Bu ministrlikleri «Bir penjire» ulgamyna birikdirmek we bar bolan maglumat ulgamlary bilen birleşdirmek, şeýle hem ulgamyň ýokary hilli durmuşa geçirilmegi we işlemegi üçin goşmaça wagtyň zerurdygyny göz öňünde tutup, taslama resminamasynyň güýjüni 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmak barada karara gelindi.

Taslamanyň maksady pudagara iş amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen import we eksport amallaryna gözegçilik edýän döwlet edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary güýçlendirmek arkaly «Bir penjire» ýörelgesiniň netijeli ornaşdyrylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.