Ï Aşgabatda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» XIII Spartakiadanyň jemleýji tapgyry geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» XIII Spartakiadanyň jemleýji tapgyry geçiriler

view-icon 2858
Aşgabatda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» XIII Spartakiadanyň jemleýji tapgyry geçiriler

2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda Aşgabadyň sport meýdançalarynda ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň toparlarynyň arasynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» XIII Spartakiadasynyň aýgytlaýjy ýaryşy geçiriler. Ony Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi guraýarlar.

Spartakiada köpçülikleýin sporty ösdürmek we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamlaryň saglygyny berkitmek hem-de sporta bolan söýgini has-da ösdürmek maksady bilen geçirilýär.

Spartakiadada woleýbol, basketbol, suwda ýüzmek, ýeňil atletika, stol üstünde oýnalýan tennis, tennis, milli göreş we küşt boýunça ýaryşlar geçiriler.

Spartakiadanyň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýörite sowgatlar, kuboklar we medallar bilen sylaglanar.