Ï Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň zenanlar düzümi kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň zenanlar düzümi kesgitlenildi

view-icon 3261
Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň zenanlar düzümi kesgitlenildi

Sekiz küştçi 3-nji martdan 17-nji mart aralygynda Aşgabatda iki aýlawda geçiriljek küşt boýunça Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda ýokary ligada bäsleşer. Zenanlaryň arasynda küşt täjine dalaşgärler ilkinji gezek paýtagtdan daşda – Daşoguz şäheriniň 4-nji sport mekdebinde geçirilen birinji liganyň ýaryşynyň netijeleriniň esasynda kesgitlenildi.

Ýokary ligada çykyş etmek ugrunda bäsleşige 11 tapgyrly Şweýsariýa düzgünine laýyklykda ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinden 52 küştçi gatnaşdy.

Zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussatlygyna dalaşgär 17 ýaşly Bägül Ezizowa öňe saýlandy. Mundan ozal bu zehinli küştçi 7 we 9 ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasynda iki gezek dünýä çempionatynda (degişlilikde 2013-nji ýylda Gresiýada we 2014-nji ýylda Braziliýada) ýeňiji bolupdy. Uzak arakesmeden soň birinji liganyň çempionatyna ilkinji gezek gatnaşdy we mümkin bolan 11 utukdan 9 utuk toplap, çalt ýeňiş gazandy.

Bägül Ezizowa Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň 11-nji synpynda okaýar. Kakasy Jumamuhammet Ezizowdan tälim alýar.

Bägülden ýarym utuk az toplan, zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady Leýla Şöhradowa we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Jennet Durdyýewa goşmaça görkezijileri boýunça degişlilikde 2-nji we 3-nji orny eýelediler.

14 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýurdumyzyň çempiony Jahan Rejebowa (Lebap welaýaty), dürli ýaşda Türkmenistanyň çempionatlarynda ençeme gezek baýrakly orunlary eýelän 17 ýaşly Eneş Arazmedowa (Aşgabatdan) we Farap şäherinden tejribeli tälimçi Maral Rozyýewa 7,5 utuk topladylar. Goşmaça görkezijilere laýyklykda Jahan 4-nji, Eneş bolsa 5-nji orny eýelediler.

Geçen ýyl Aziýa çempionatynda 15 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda kümüş medal gazanan Gülmira Seýilhanowadan tama uludy. Emma soňky tapgyrda Maral Rozyýewa bilen oýunda ýeňäýmeli döwüniň ahyrynda ýönekeýje bir ýagdaýda göçümde ýalňyşyp, utuldy we ýokary ligada oýnamak hukugyndan mahrum boldy.

Ýeňijilere Kubok, medallar, diplomlar, gymmatly baýraklar we «DZ Burgerhouse» restoranyndan sowgatlyk şahadatnamalar gowşuryldy. Şeýle hem 12 we 18 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda iň gowy netijelere mynasyp bolan, degişlilikde maryly Jumasoltan Muhammetberdiýewa we türkmenabatly Mähri Agamyradowa, şeýle hem iň ýaşajyk küştçi Aşgabat şäherindäki 140-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 7 ýaşly 2-nji synp okuwçysy Enejan Çarygeldiýewa baýraga mynasyp boldular.

Iň owadan döw üçin baýrak 7-nji tapgyrda geljekki ýeňiji Bägül Ezizowa garşy oýnan Gülmira Seýilhanowa berildi. «Ýeňşe erjelligi üçin» baýragyň eýesi Dünýägözel Rejepmyradowany bellemek gerek, ol hereketiniň çäklidigine garamazdan, küşt ýaryşyna gatnaşmak üçin her hepde Köneürgenç etrabyndan Daşoguza çenli ýol geçýärdi.

Birinji liganyň netijeleri esasynda güýçli bäş küştçi, öň habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylda zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasyna alyndy. Galan üçüsi – Läle Şöhradowa, Merýem Agajanowa we Ogulsuraý Baýrambaýewa geçen ýyl ýokary ligada baýrakly orunlary eýeläp, şeýle hukuk gazandylar.

Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň netijeleri esasynda hem şu ýylyň sentýabr aýynda Budapeştde (Wengriýa) geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşjak zenanlar ýygyndysynyň düzümi kesgitleniler.