Ï 2024-nji ýylyň 3-5-nji marty aralygynda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2024-nji ýylyň 3-5-nji marty aralygynda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler

view-icon 5470

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Aşgabat şäherinde owgan harytlarynyň sergisini we Türkmen-owgan işewürlik maslahatyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Söwda-senagat edarasyna hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine 2024-nji ýylyň 3 — 5-nji marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisini we Türkmen-owgan işewürlik maslahatyny ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.