Ï Türkmenistanda Merkezi Aziýada we Günorta Kawkazda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara ykrar edilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Merkezi Aziýada we Günorta Kawkazda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara ykrar edilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1714
Türkmenistanda Merkezi Aziýada we Günorta Kawkazda ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara ykrar edilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Bütindünýä gümrük guramasynyň Merkezi Aziýada we Günorta Kawkazda «Ygtyýarly ykdysady operatorlary» ykrar etmek boýunça gollanmalary iş ýüzünde durmuşa geçirilmek boýunça «tegelek stol» geçirildi.

Türkmenistana Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň işgärleri wekilçilik etdi.

Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri BMG-niň Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň, Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) halkara ulag geçelgeleri hökümetara iş toparynyň sekretariatynyň wekilleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjan we Gruziýanyň gümrük edaralarynyň işgärleri wideoaragatnaşygy arkaly çärä gatnaşdylar.

Çäre BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy halkara merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde geçirildi.

Oňa gatnaşanlar Ýewraziýada ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek boýunça Sebit Ylalaşygyny döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Günorta Afrika, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ykdysady bileleşigi ýaly dünýäniň dürli sebitlerinde Sebit Ylalaşyklarynyň işlerinden mysallara garaldy.