Ï Milli medeni mirasymyza bagyşlanan maslahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli medeni mirasymyza bagyşlanan maslahat

view-icon 3389
Milli medeni mirasymyza bagyşlanan maslahat

Ýurdumyzda dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halkynyň milli medeni mirasyny öwrenmek, gorap saklamak, wagyz etmek we nesillere ýetirmek boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. 

Milli medeniýetimiziň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen görnükli eserlerine bagyşlanyp, Lebap welaýatynda geçirilen «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» atly dabaraly maslahat we amaly-haşam işleriniň sergisi hem şu maksada gönükdirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Lebap welaýat häkimliginiň guramaklarynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirilen bu maslahata welaýatyň medeniýet, sungat, bilim, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Maslahatda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Türkmen milli halyçylyk sungaty», «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Görogly dessançylyk sungaty», olaryň ähmiýeti we häzirki wagtda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy bilen sazlaşygy, medeni mirasymyzy wagyz etmek, dünýä çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada çuňňur mazmunly çykyşlar diňlenildi. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň» Lebap welaýatynyň birleşen folklor-tans topary tarapyndan, «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň» Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň aktýorlary tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi maslahatyň täsirini has-da artdyrdy.

Dabaraly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam işleriniň sergisine hem-de Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde milli mirasymyzy şöhlelendirýän gymmatlyklara hem syn etdiler.