Ï Aşgabatda çagalaryň arasynda Bütindünýä tennis gününe bagyşlanan ýaryş geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda çagalaryň arasynda Bütindünýä tennis gününe bagyşlanan ýaryş geçiriler

view-icon 2371
Aşgabatda çagalaryň arasynda Bütindünýä tennis gününe bagyşlanan ýaryş geçiriler

Şu ýylyň 2-3-nji martynda «Aşgabat» tennis akademiýasynyň meýdançasynda Bütindünýä tennis gününe bagyşlanan ýaşajyk uly raket ussalarynyň ýaryşy geçiriler.

8 ýaşa çenli oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň gatnaşjak ýaryşyny Türkmenistanyň Tennis federasiýasy we «Aşgabat» tennis akademiýasy guraýar. Ýaryşyň maksady sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we mümkin boldugyndan köp çagany köpçülikleýin tennis bilen meşgullanmaga çekmekdir.

Häzirki wagtda dünýäde millionlarça adamyň oýnaýan tennisi XII asyrda Fransiýada döräpdir. Ussatlar tennisiniň resmi dörän senesi 1872-nji ýyl hasaplanýar, şol ýyl ilkinji tennis kluby döredilipdir.

Bütindünýä tennis güni – täze dörän baýram. Ony Halkara tennis federasiýasy (ITF) döretdi, indi ol sagdyn durmuş ýörelgesini we sportuň bu görnüşini wagyz etmek maksady bilen, 2013-nji ýylyň mart aýynyň birinji duşenbesinden bäri her ýyl bellenip gelinýär.