Ï Türkmenistanyň ITF taekwondo boýunça ussatlary Malaýziýada geçirilen halkara ýaryşynda 34 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ITF taekwondo boýunça ussatlary Malaýziýada geçirilen halkara ýaryşynda 34 medal gazandylar

view-icon 3652
Türkmenistanyň ITF taekwondo boýunça ussatlary Malaýziýada geçirilen halkara ýaryşynda 34 medal gazandylar

Türkmen türgenleri Kuala-Lumpurda geçirilen ITF taekwondonyň olimpiýa däl görnüşi boýunça halkara açyk çempionatynda 34 medal eýelediler. 

Ýaryşa 11 ýurtdan 1500-e golaý taekwondoçylar gatnaşyp, görkezme çykyşlar hem-de tutluşyklar boýunça güýç synanyşdylar. Biziň türgenlerimiz üstünlikli çykyşlary bilen 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç medal gazanyp begendirmegi başardylar.  

Türkmen taekwondoçylarynyň Malaýziýadaky ýaryşda gazanan üstünlikleri ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak üçin uly mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň netijesidir. Medallar bilen Watanymyza dolanyp gelen türgenler sporty ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi hem-de türgenleri halkara ýaryşlara taýýarlamak üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.