Ï Ýurdumyzda Bütindünýä tennis güni bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda Bütindünýä tennis güni bellenildi

view-icon 3241
Ýurdumyzda Bütindünýä tennis güni bellenildi

Türkmenistanda Bütindünýä tennis güni ýaş tennis ussatlarynyň ýaryşy bilen bellenildi. Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) döreden bu baýramy sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek we bu sport görnüşini giňeltmek maksady bilen, 2013-nji ýyldan bäri mart aýynyň birinji duşenbesinde her ýyl bellenilýär.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem 8 ýaşa çenli oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň 17-siniň gatnaşmagynda «Aşgabat» tennis akademiýasy bilen bilelikde ýaryş gurap, bu asylly çärä gatnaşdy.

Bäsleşik hakyky baýrama öwrüldi. Iki günüň dowamynda «Aşgabat» tennis akademiýasynyň tennis meýdançasynda geçen çekeleşikli bäsleşiklere syn etmäge köp sanly janköýerler we ýaşajyk türgenleriň ene-atalary ýygnandylar. Ýaryşyň guramaçylygynyň ýokary derejesine bäsleşigiň Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň eminler geňeşiniň başlygy, ITF Level 1 derejeli halkara şahadatnamasynyň eýesi Igor Zubkowyň baş emin hökmünde çykyş edenligi hem şaýatlyk edýär.

Gyzjagazlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde A.S.Puşkin adyndaky umumy bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň okuwçysy, tälimçi Ýewgeniý Molçanowyň şägirdi Daýana Rahmanowa ýeňiji boldy. Ikinji orny Jennet Hallyýewanyň okuwçysy Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň okuwçysy Ýewa Maçihina, üçünji orny bolsa Atlymyrat Gurbanowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýän Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Mişel Sargsyýan eýeledi.

Oglanjyklaryň arasynda A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň okuwçysy, tälimçi Amanguly Begenjewiň şägirdi Mark Azizow ýeňiji boldy. Aşgabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Alyhan Nurýagdyýew münberiň ikinji gatyna çykdy. Aşgabat şäherindäki 42-nji orta mekdebiň okuwçysy Ysmaýyl Babaýew üçünji orny eýeledi. Kümüş we bürünç medal gazananlaryň ikisine-de Jennet Hallyýewa tälim berýär.

Ýeňijilere we baýrakly orunlary eýelänlere medallar hem-de şahadatnamalar gowşuryldy.

Şeýle ýaryşlary Türkmenistanyň Tennis federasiýasy yzygiderli geçirýär. Şunuň ýaly çäreleri dynç günleriniň ýaryşlary hökmünde yzygiderli guramak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda tennisiň sport hökmünde 1950-nji ýyllaryň başynda ornaşdyrylyp başlandygyny bellemek gerek. Şol döwürde az sanly adam tennis oýnardy, ýaryşlar asfalt düşelen ýerlerde geçirilerdi.

Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolansoň sportuň maddy-tehniki binýady has-da pugtalandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sporty ösdürmäge uly üns bermegi netijesinde häzirki wagtda ähli halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman tennis kortlarynyň köpüsi guruldy.

Halkara tennis federasiýasyna (ITF) girenden soň türkmen türgenleri dürli halkara tennis ýaryşlarynda garaşsyz topar hökmünde bäsleşmek we olarda medal almak hukugyny aldylar. 2023-nji ýyl bu ugurda örän üstünlikli boldy, şol döwürde Türkmenistanyň tennisçileri rekord möçberde 40 medal gazandylar. Olaryň 13-si altyn, 10-sy kümüş we 17-si bürünç medallardyr.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Aşgabatda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýanyň toparlaýyn çempionatyny guramakdaky işlerine Aziýa tennis federasiýasy (ATF) ýokary baha berdi. 2023-nji ýylyň iýunynda türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesinde Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sebit çempionatyna ATF-iň ýolbaşçylary tennis ýaryşlaryny guramagyň ýokary derejesi we nusgasy diýip baha berdiler.

Merkezi Aziýanyň bu saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň oglanlar topary ikinji orny eýeledi we ilkinji gezek Aziýa toparynyň çempionatynda (U-12) bäsleşmek hukugyny gazandy, gyzjagazlar topary bolsa bürünç medallara eýe boldy.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) 33 ýaşly başlygy Eziz Döwletowyň Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti wezipesine bellenmegi we onuň bu yklym guramasynyň direktorlar geňeşine saýlanmagy ýurdumyzyň sport durmuşynda şanly waka boldy. Türkmen sportunyň taryhynda bu möhüm waka ATF-iň 2023-nji ýylyň dekabrynda Bangkokda (Tailand) geçirilen kongresinde boldy, onda guramanyň prezidentiniň, geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi we guramanyň wise-prezidenti bellenildi. Mundan başga-da, Eziz Döwletow 2024-2025-nji ýyllar üçin Masters ýaryşlary boýunça Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) komitetine saýlandy.

Sport diplomatiýasy ugrundaky bu möhüm wakalaryň hemmesi, şübhesiz, Türkmenistanda tennisiň has-da ösmegine, şeýle hem daşary ýurtlar bilen sport tejribesiniň alyş-çalşygyna goşant goşar.

Türkmenistanyň tennis federasiýasynyň ITF-iň ygtyýarly okuw merkezi hökmünde ykrar edilmegi şeýle netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň mysaly boldy. Halkara tennis federasiýasy bilen ylalaşyp, milli tälimçileri özbaşdak tassyklaýan we sertifikat berýän her ýyl tälimçilik seminarlaryny geçirmäge hukuk berýän degişli şahadatnama ITF-iň prezidenti Dewid Haggerti we ITF-iň ýerine ýetiriji direktory Luki Santili gol çekdiler.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ITF Play Tennis giriş okuwyny tamamlan 40-dan gowrak sertifikatly tälimçi çagalar we ýaňy oýnap başlan oýunçylar bilen işleýär. ITF 1-nji derejeli şahadatnamalaryna eýe bolan halypalaryň sany bolsa eýýäm 23-e ýetdi.

Mundan başga-da, geçen ýyl Halkara tennis federasiýasy Halkara Olimpiýa komiteti bilen bilelikde ýurduň erkekler milli ýygyndysynyň we «Aşgabat» tennis akademiýasynyň 31 ýaşly baş tälimçisi Miraly Gasanowa PRO Level derejesinde tälim almak üçin Türkmenistana kwota berdi. Walensiýada (Ispaniýa) bu kursy üstünlikli geçenden soň, ol dünýäniň islendik ýurdunda professional oýunçylar bilen işlemäge mümkinçilik berýän Türkmenistanda PRO Level derejeli şahadatnamasyny alan ilkinji tälimçidir.