Ï Balkan welaýatynda ýerasty suwlarynyň geologiýa-gözleg işleri dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynda ýerasty suwlarynyň geologiýa-gözleg işleri dowam edýär

view-icon 3095
Balkan welaýatynda ýerasty suwlarynyň geologiýa-gözleg işleri dowam edýär

«Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerinde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň önümçilik düzümlerinde mynasyp hyzmatlar bitirilýär.

Şeýle önümçilik kärhanalarynyň biri-de döwlet korporasiýasynyň Günbatar sebitdäki «Balkangidrogeologiýa» ekspedisiýasydyr. Kärhananyň zähmet toparlary welaýatyň çäklerinde ýerasty suw ýataklaryny gözlemek hem-de olary ýüze çykarmak işlerini kuwwatly tehnologiýalar, kämil tilsimatlar arkaly ylmy esaslarda guramaçylykly alyp barýarlar. Munuň özi, ilatyň tebigy taýdan arassa, ýerasty agyz suwa bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ekin dolanyşygyna girizilen ýerleriň, şeýle-de öri meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak ýaly wajyp işlerde oňyn çözgüdini tapýar.

Munuň hakykatdanam şeýledigine geçen ýylda durmuşa geçirilen işler hem doly güwä geçýär. Has takygy, olar şu döwürde geologiýa-barlag işleriniň meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Bu bolsa göz öňünde tutulandan 28 pogon-metr köpdür. Baglanyşylan şertnamalar esasynda oňat ýerine ýetirilen işleriň möçberem 81 pogon-metre barabardyr. Şonuň ýaly-da tejribeli geologlar dik guýularyň dördüsini gazyp, ulanyşa tabşyrdylar. Olaryň çuňlugy bolsa Günbatar sebitiň ýerasty aýratynlyklaryna görä, 70 metrden 250 metre barabardyr. Elbetde, görkezijiler welaýatyň ýerasty suwlarynyň gorlaryny ylmy esasda düýpli öwrenmek işleriniň uly netijelere beslenýändiginiň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda balkanly gidrogeologlar welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň «Janahyr» ýerasty suw ýatagynyň süýji we duzy pes suwlarynyň ulanyş gorlaryna gaýtadan baha bermek, şol sanda Magtymguly etrabynyň Magtymguly–Çendir aralygyndaky ýerasty suwlaryň takyk barlag işlerini geçirýärler. Şeýle-de şu günler Gyzylarbat etrabynyň «Pürnüwar» ýatagynyň ýerasty suwlarynyň gorlaryny kesgitlemek boýunça degişli işler dowam edýär.

Işleriň häzirki depgini-de, «Balkangidrogeologiýa» kärhanasynyň zähmetsöýer hünärmenleriniň şowly gadamlarynyň şu ýylyň geçen iki aýynda hem täze rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň şaýady bolup durýar.