Ï Türkmen para-pauerliftingçilerimiz Dubaýda geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda alty medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen para-pauerliftingçilerimiz Dubaýda geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda alty medal gazandylar

view-icon 3293
Türkmen para-pauerliftingçilerimiz Dubaýda geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda alty medal gazandylar

Türkmenistanyň wekilleri Dubaý şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) tamamlanan para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda medallaryň altysyny gazandylar. 

Para-pauerlifting daýanç-hereket ediş agzalary zelelli adamlar üçin sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar. Türgen maşklary ýerine ýetiren wagtynda bedeniniň ýokarky böleginiň güýjüni görkezýär. 

BAE-däki ýaryşa 32 ýurtdan mümkinçiligi çäkli türgenleriň 173-si gatnaşdy. Türgenlerimiziň üstünlikli çykyşlary guwandyryjy bolup, olar 2 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medallary gazandylar. 

Türkmen para-pauerliftingçilerimiziň Dubaýda geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan üstünligi türgenleri, şol sanda paralimpiýa ugry boýunça hem ussatlary taýýarlamak üçin giň şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň netijesidir.