Ï 2024-nji ýylyň fewraly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2024-nji ýylyň fewraly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

view-icon 3459

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasyny düzýän halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça saýlap alan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň şeýledigine şu ýylyň fewral aýynyň syýasy wakalarynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

2-nji fewralda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti Ženewa şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky Konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça komitetiň nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşdy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň degişli Konwensiýanyň düzgünlerini ýerine ýetirmek bilen bagly altynjy döwürleýin hasabatyna garaldy. Türkmen wekiliýetiniň agzalary çykyşlarynda 2018 — 2023-nji ýyllar aralygynda syýasy, ykdysady, hukuk, medeni-durmuş ugurlarynda amala aşyrylan özgertmeler barada maglumat berdiler. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda zenanlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy kemala getirildi. Şunuň bilen baglylykda, ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlaryň, şol sanda zenanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň bilim almagy we wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi.

5-nji fewralda paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy esasynda guralan döredijilik çäresi halklarymyzyň medeni gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm waka boldy. Şu mynasybetli ýurdumyza gelen hytaý wekiliýetiniň düzümine ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri girizildi.

6-njy fewralda Daşary işler ministrliginde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ählisinde meýilleşdirilen çäreleri geçirmek boýunça bilelikde alnyp baryljak işleriň maksatnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

11-12-nji fewralda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Dubaýyň Elektrik we suw üpjünçilik departamentiniň dolandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Saýed Al Taýer, Abu-Dabiniň Geljegiň energiýasy boýunça kompaniýasynyň (MASDAR) Baş ýerine ýetiriji direktory Mohammed Jamil Al-Ramahi bilen duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, nebitgaz senagaty, suw hojalygy, elektroenergetika, ulag-logistika hyzmatdaşlygy pudaklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

12-nji fewralda Birleşen Arap Emirliklerine saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitiniň mejlisine gatnaşdy. Onda Türkmenistanyň halkara bileleşigiň jogapkär agzasy hökmünde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin çemeleşmelerini we hereketlerini anyk kesgitleýändigine hem-de amala aşyrýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek hem-de durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanýan ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak teklip edildi.

BAE-niň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Sultan Ahmed Al-Jaber bilen bolan duşuşygyň dowamynda nebit senagaty boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň degişli düzümleriniň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerinde Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singh bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek ulgamynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Senagat ösüşi boýunça guramasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Şunda taraplar ýurdumyzda IRENA-nyň milli edarasyny açmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

13-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Jou Siýong bilen duşuşygy boldy. Onda Arkadag şäheriniň gurluşygynda, hususan-da, lukmançylyk klasterini döretmekde bu guramanyň tejribesini ulanmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

14-nji fewralda Türkmenistanyň wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň başlygy Roza Otunbaýewa, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakala hem-de Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson gatnaşdylar. Gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri Owganystanyň häzirki ýagdaýy, ýurduň durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça ösüşi babatda pikir alyşdylar.

15-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny” atly birinji duşuşygy geçirildi. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirmek bilen, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem uly üns berýär. Bu bolsa döwletleriň we halklaryň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hem-de sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup hyzmat edýär. Düzümine 20-den gowrak döwlet girýän parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň alyp barýan işi munuň aýdyň güwäsidir.

15-nji fewralda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda “ýaşyl” energiýa, durnukly energetika we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Gün we ýel energiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk, energiýany saklamagyň hem-de geçirmegiň döwrebap usullaryny işläp taýýarlamak, ornaşdyrmak meselelerine üns çekildi.

Şol gün Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen geňeşmelerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Duşuşygyň barşynda diplomatlar parlamentara dostluk toparynyň we bilelikdäki hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmek arkaly parlamentara dialogy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

16-njy fewralda Daşary işler ministrliginde “Fransiýa — Türkmenistan” söwda edarasynyň ýolbaşçysy Mari-Elen Berar bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň fransuz kompaniýalary bilen nebitgaz, energetika pudagynda, ulag, saglygy goraýyş, suw hojalygy ulgamlarynda işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy.

20-nji fewralda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Baş direktorynyň kömekçisi, sebitleýin direktory Beata Andresiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda 2023-nji ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň “Ýol kartasyna” laýyklykda, ozal geçirilen çäreleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

HZG-niň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde “tegelek stol” görnüşinde pudagara duşuşyk geçirildi. Oňa Daşary işler ministrliginiň, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda raýatlarymyzy iş bilen üpjün etmek, HZG-niň resminamalaryna goşulmak arkaly milli hukuk binýadyny pugtalandyrmak, hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy hem-de teklipler beýan edildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň “Beyond Investments Group” konsalting kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän “The Investor” halkara neşiriniň direktory Leandro Slowinski bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda halkara maglumat giňişliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Onda žurnalyň redaksiýasynyň Türkmenistany halkara işewürler bileleşigine has giňişleýin tanatmak üçin döwletimiziň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, neşiriň Türkmenistan baradaky ýörite sanyny çap etmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar geçirildi.

21-22-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Ýaponiýanyň Tokio şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň Sekretariatynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşçiler palatasynyň agzasy Matsuşita Şinpeý, ýurduň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi, Wekiller palatasynyň başlygy Fukuşiro Nukaga bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynda toplanan oňyn tejribe bilen baglylykda, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň işine aýratyn üns çekildi.

21-nji fewralda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigi, onuň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, hususan-da, iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.

23-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýun bilen duşuşyk geçirildi. Onda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi, şeýle hem Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň derejesindäki duşuşyklaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi. Bu babatda taraplar goňşuçylyk, dostluk ýörelgelerine esaslanyp, Türkmenistanyň we Hytaýyň Owganystanyň dikeldilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdiklerini nygtadylar.

26-njy fewralda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor bilen duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýeti bellenildi. 2024-nji ýyl üçin bilelikdäki taslamalaryň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen gepleşikler geçirildi. Onuň düzümine Owganystanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň Demir ýol müdirliginiň wekilleri girdi. Gepleşiklerde iki ýurduň gatnaşmagynda iri energetika we ulag-kommunikasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde Owganystanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça mümkinçilikleri giňeltmek meselesine aýratyn üns berildi.

27-nji fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, gazanylan ylalaşyklaryň doly ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

29-njy fewralda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda diplomatik işini tamamlan Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmet bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşlikde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşe eýedigi bellenildi.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli ýörelgelerine we ynsanperwer däplerine eýerip hem-de Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna şu ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gaz dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna muzdsuz ugradyldy.

Daşary işler ministrliginde Hindistan Respublikasynyň, Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleri geçirmegiň, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Şeýlelikde, şu ýylyň fewral aýynda bolup geçen möhüm wakalar, şol sanda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan duşuşyklar, gepleşikler, maslahatlar, halkara forumlar, sergilerdir medeni çäreler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň, Türkmenistanyň dünýä derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk çäreleri amala aşyrýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.