Ï Türkmenistanyň we Gazagystanyň ýygyndy toparlary Dubaýda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Gazagystanyň ýygyndy toparlary Dubaýda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

view-icon 4626
Türkmenistanyň we Gazagystanyň ýygyndy toparlary Dubaýda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň futbolçylary 14-nji martda Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) Gazagystanyň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Iki toparyň tälimçileri-de öňde duran bu duşuşyga saýlama oýunlara taýýarlygyň bir tapgyry hökmünde garaýarlar. Türkmen futbolçylary 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin saýlama oýunlaryna Eýranyň ýygyndy topary bilen 21-nji martda Tähranda, 26-njy martda bolsa Aşgabatda geçiriljek oýunlar arkaly taýýarlanýar. Gazagystanyň topary bolsa Gresiýanyň ýygyndy topary bilen 21-nji martda Afinyda geçiriljek 2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň pleý-off oýnuna taýýarlanýar.

FIFA reýtiňine görä, Türkmenistan 141-nji, Gazagystan bolsa 100-nji ýerde. Ondan öň bu toparlar üç gezek duşuşdylar. Iki oýun deňlikde tamamlandy, birinde bolsa Gazagystanyň topary ýeňiş gazandy. Bäsdeşleriň dördünji duşuşygy, taraplaryň ylalaşygy boýunça ýapyk ýagdaýda geçer.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda habar berlişine görä, BAE-de geçirilýän türgenleşik ýygnanyşygynda milli ýygyndy toparyň düzüminde Eýran bilen 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna 24 futbolçy taýýarlanýar:

Derwezeçiler – Resul Çaryýew («Arkadag»), Rüstem Ahallyýew («Ahal»), Batyr Babaýew («Altyn Asyr»);

goragçylar – Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow (hemmesi – «Arkadag»), Ata Geldiýew, Hakmuhammet Bäşimow (ikisem – «Ahal»), Wepa Jumaýew («Witebsk», Belarus), Röwşen Halmämmedow, Şöhrat Söýünow (ikisem – «Altyn asyr»);

ýarymgoragçylar – Arslanmyrat Amanow, Mirza Beknazarow, Şanazar Tirkişow (hemmesi – «Arkadag»), Teýmur Çaryýew («Abdyş-ata» Gyrgyzystan), Selim Nurmyradow («Altyn asyr»), Döwran Hojamämmedow, Ýazgylyç Gurbanow, Meýlis Diniýew (hemmesi — «Ahal»), Ruslan Mingazow («Kitçi», Gonkong);

hüjümçiler – Didar Durdyýew, Begmyrat Baýow, Altymyrat Annadurdyýew (hemmesi – «Arkadag»), Alibek Abdyrahmanow –(«Ahal»).

Türkmenistanyň ýygyndy toparyny öňde duran jogapkärli oýunlara baş tälimçi hökmünde Mergen Orazow taýýarlaýar. Bu işde oňa Mekan Muhammetmyradow, Welsähet Öwezow, Pawel Matus (derwezeçiler tälimçisi) we Ildar Täşliýew dagy kömek edýärler.

Toparymyzyň BAE-däki taýýarlyk ýygnanyşygy 19-njy marta çenli dowam eder, şondan soň oýunçylar Eýranyň ýygyndy topary bilen oýnamak üçin Tährana ugrarlar.

2026-njy ýyl Dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň iki tapgyryndan soň Türkmenistanyň ýygyndy topary «E» toparçadaky dört toparyň arasynda üçünji orunda durýar. Öz meýdançasynda geçen ilkinji oýunda türkmen futbolçylarynyň Özbegistanyň ýygyndy toparyndan 1:3 hasabynda ýeňlendigini, myhmançylykda geçen ikinji oýunda bolsa Gonkongyň topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnandygyny ýatladýarys.