Ï Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Dostluk teleköprüsi» Aşgabat bilen Astrahany baglanyşdyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Dostluk teleköprüsi» Aşgabat bilen Astrahany baglanyşdyrdy

view-icon 3474
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Dostluk teleköprüsi» Aşgabat bilen Astrahany baglanyşdyrdy

Aşgabadyň A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň, Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiniň okuwçylary we W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde okaýan türkmenistanly talyplar «Dostluk teleköprüsi» taslamasynyň çäklerinde guralan telewiktorina gatnaşdylar.

Beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre gibrid görnüşde geçirildi. Dialoga gatnaşyjylaryň arasynda müňlerçe kilometr ýol ýatan bolsa-da duşuşyk mähirli we dostana ýagdaýda geçdi.

Çärä gatnaşyjylary Astrahan döwlet uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar boýunça prorektory Angelina Fadina we A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň müdiri Irina Kuminowa mübäreklediler.

Angelina Fadina öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň iki ýurduň häzirki ýaşlary üçin ähmiýetiniň uludygyny nygtady we Astrahan döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň bilim edaralary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň işjeň ösýändigini belledi.

Iki okuw mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada täze ylalaşyga gol çekilmegi netijeli özara gatnaşyklarda ýene bir ädim boldy.

Soňra çäräniň alyp baryjysy Astrahan döwlet uniwersitetiniň mugallymy Resul Şajyýew Magtymguly Pyragy hakda ýaşlara gyzykly gürrüň berdi. Iki mekdebiň okuwçylary, öz gezeginde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň meşhur goşgularyny okadylar, Russiýanyň uniwersitetiniň talyplary bolsa türkmen dilinde folklor aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Magtymguly Pyragynyň terjimehalyny we mirasyny gowy bilýänleriň intellektual wiktorinasy ökdeleri kesgitledi. Telewiktorinada A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň «Звёздочки» topary ýeňiji boldy. Çäräniň ahyrynda intellektual bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Aşgabat bilen Astrahany birleşdiren «Dostluk teleköprüsi» Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň tassyklan çäreler meýilnamasyna laýyklykda geçirildi.