Ï Ýerewan şäherinde türkmen sazly konserti geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýerewan şäherinde türkmen sazly konserti geçirildi

view-icon 1665
Ýerewan şäherinde türkmen sazly konserti geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji martynda Ermenistanyň Döwlet filаrmoniýasynyň Arno Babajanýan adyndaky konsertler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Konserte Ermenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.

Konserti Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow we Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Artur Martirosýan açdylar.

Konsertiň çäklerinde sahnada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Şunda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň, Gurbannazar Ezizowyň, Keýik Artykowanyň goşgularyna, meşhur ussatlar Nury Halmämmedowyň, Weli Muhatowyň, Hydyr Allanurowyň, Aman Agajikowyň, Komitasyň we Arno Babajanýanyň sazlaryna düzülen eserler, aýdymçylar B.Moşiýewiň we M.Orazberdiýewanyň, «Aşgabat Kamerata» kirişli saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdyldy.