Ï Ýurdumyzyň mugallymlary «Howa gutujygyny» ulanmak endiklerini ýokarlandyrdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň mugallymlary «Howa gutujygyny» ulanmak endiklerini ýokarlandyrdylar

view-icon 2062
Ýurdumyzyň mugallymlary «Howa gutujygyny» ulanmak endiklerini ýokarlandyrdylar

Bilim edaralarynyň usulçylary, mugallymlary, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri «Howa gutujygy» bilim maksatnamasyny ulanmak boýunça maslahata gatnaşdylar.

Bu maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde «BMGÖM-ni ösdürmek we Howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» atly sebit taslamasynyň çäginde geçirildi. Gatnaşanlara taslamanyň çäginde meýilleşdirilen çäreler barada habar berildi.

«Howa gutujygy» taslamasy, klimat biliminiň okuw meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegini goldamagy, howanyň bilim maksatnamasyny ýaýratmagy we täze innowasiýa sanly we onlaýn gurallar arkaly «Howa gutujygy» okuw meýilnamasyny öňe sürmegi maksat edinýär. «Howa gutujygy» bilim programmasy mekdep okuwçylary we ýaşlar üçin «howanyň üýtgemegi» mowzugynda şol bir atdan ybarat materiallar toplumydyr.

«Howa gutujygy» howanyň üýtgemegi, ýumuşlar, taslama ideýalary, oýunlar, şeýle hem mugallymlara bu gyzgyn temany sapakda we okuwdan daşary çäreler arkaly öwretmek boýunça maslahatlary we okuwlary hödürleýär.

«Howa gutujygy» mekdeplerde howanyň üýtgemegini öwretmegiň täze usullaryny hödürleýär, ýaşlara bu mesele hakda pikirlenmäge, mümkin bolan çözgütleri gözlemäge we howany hem-de planetany goramak üçin anyk çäreleri görmäge mümkinçilik berýär.