Ï Milli bahar baýramyna bagyşlanan sergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli bahar baýramyna bagyşlanan sergi

view-icon 1820
Milli bahar baýramyna bagyşlanan sergi
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Milli bahar baýramyna bagyşlanan halk amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy.

Serginiň guramaçylary, ylmy bölümiň müdiri Maýsa Öräýewa we baş saklaýjy Mähri Atdaýewa bu temanyň açylyşyna özboluşly çemeleşipdirler. Olar özboluşly gözellik döredýän türkmen zenanynyň döredijilikli çeper elleriniň nusgasynyň baýramyny görkezdiler.

Sergä bezeg berýän türkmen milli el halylarynyň we gobelenleriniň köplügi aýratyn täsir döredýär. Zalyň ortasyndaky baýramçylyk tagamly desterhanda şinelän bugdaýly tabak goýlupdyr. Şineli bugdaý baharyň gelendigini alamatlandyrýar.

Muzeýden başga-da, beýleki guramalaryň: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, «Zeýnep» we «Nagyşly güzer» modalar öýleriniň halk amaly-haşam sungatynyň eksponatlarynyň görkezilmegine gatnaşandygyny bellemek gerek. Sergä gelenler halk ýörelgeleri esasynda döwrebap nagyşlar bilen bezelen ajaýyp şaý-seplere, özboluşly keramiki gap-gaçlara haýran galyp, kaşaň zenan lybaslaryna uly gyzyklanma bilen syn etdiler.

– Bu sergide isle keşde bolsun, haly, şaý-sepler ýa-da zenan lybaslary bolsun, geçmişiň şu gün bilen berk baglanyşygyny nygtamakçy bolduk. Türkmen gelinleriniň ozaldan gelýän toý lybaslaryna aýratyn üns berdik. Türkmen zenanlarynyň hemişe meşhur bolan el işleri biziň günlerimizde-de öz beýanyny tapýar. Sergini guramakda hut şuňa üns berdik – diýip, Maýsa Öräýewa gürrüň berýär.

Şeýle hem sergide milli keteni matalaryny, halylary, gobelenleri dokamak, şeýle hem türkmen keşdelerini çitmek boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi, olara sergä gelenler uly höwes bilen gatnaşdylar.