Ï Merkezi Aziýa uzakmöhletleýin ekologiýa hyzmatdaşlygy ýola goýýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýa uzakmöhletleýin ekologiýa hyzmatdaşlygy ýola goýýar

view-icon 2808
Merkezi Aziýa uzakmöhletleýin ekologiýa hyzmatdaşlygy ýola goýýar

Şu aý ekologiýa barada sebitleýin maslahata baý boldy. Ýakynda tebigaty goramak ministrleriniň Aşgabatda geçen duşuşygy howanyň üýtgemegi we ekologiýa howpsuzlygy bilen baglanyşykly sebit faktorlaryny, olaryň ähmiýetine düşünmekde çemeleşmeleriň umumylygyny ýüze çykardy.

Ýokary derejede geçen maslahatda gadymy döwürlerden bäri Merkezi Aziýa ýurtlaryny we halklaryny mäkäm medeni hem taryhy gatnaşyklaryň, däp bolup gelýän umumy edim-gylymlaryň birleşdirýändigi aýdyldy. Häzirki wagtda bu sebitiň ösüşi we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen gatnaşygy bilen baglanyşykly dürli meseleler boýunça garaýyşlaryň, şeýle hem tutýan ornunyň meňzeşliginde ýüze çykýar. Bu bolsa bäş döwlete öňlerinde duran meseleleri, şol sanda daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak ýaly adam durmuşynyň möhüm ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri-de bilelikde çözmäge kömek edýär. Bu duşuşykda bäş ýurt üçin ÝHHG bilen özara gatnaşyklaryň täze, peýdaly ugurlary-da beýan edildi.

Merkezi Aziýanyň doganlyk ýurtlary bilen ýakyn geljekde howa meselesi boýunça sebitara gatnaşyklary ösdürmekde biziň ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlary barada durup geçmek bilen, maslahaty alyp baryjy Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow: «Türkmenistan howa degişli gün tertibine halkara derejesinde işjeň gatnaşýar, Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa we howa boýunça Pariž ylalaşygyna girýär. Bu ylalaşygyň ýerine ýetirilmeginiň çäginde 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen häzirki wagtda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenýän goşandy (bu resminama soň täzelener) tassyklandy. Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasynyň täze neşirine laýyklykda, milli ykdysadyýetiň pudaklaryndaky desgalary döwrebaplaşdyrmak, az galyndyly, energiýa we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly parnik gazlarynyň zyňyndylaryny yzygiderli azaltmak boýunça işler alnyp barylýar» diýip, belläp geçdi.

Onuň yzýany Özbegistanyň paýtagty Daşkentde menejerleriň, alymlaryň, howaşynaslaryň we ekologlaryň geňeşi bolup geçdi. Oňa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenlerinden, çöli öwreniş ylymlary boýunça bilermenlerden ybarat wekiliýet iberildi. Pikir alyşmak esasy ünsi tebigy we antropogen täsirleriň netijesinde çölleşmäge, şorlaşmaga we ýeriň zaýalanmagy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň öňüni almaga, şeýle hem Aral deňzi howzunyň ümmülmez çäginde oba hojalygynyň önümçiligine täsir edýän çägeli we tozanly tupanlara garşy durmaga gönükdirmek bilen, sebitleýin seminar görnüşinde geçirildi. Daşkent duşuşygy Halkara şalyçylyk institutynyň, Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň, Aziýanyň tokaý hojalygy boýunça hyzmatdaşlyk guramasynyň we beýlekileriň gatnaşmagynda, BMG-niň çölleşmä garşy göreş Konwensiýasynyň bütindünýä mehanizminiň goldamagynda Sebitiň ekologik merkezi we Gurak sebitlerdäki oba hojalygyny öwreniş merkezi bilen bilelikde geçirildi.

Ekologiýa pudagynda sebitara işleşme täsirini güýçlendirmegiň ähmiýetine NIPRŽM-iň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty P.Kepbanow şeýle düşündiriş berdi: «Merkezi Aziýa ekologik şertleriň uly tapawut edýän: galla ösdürip ýetişdirmäge uly mümkinçiligi bolan demirgazykdan başlap, ekerançylygyň suwarmaga we daglyk ýere bagly bolan has yssy hem gurak günortada tamamlanýan ümmülmez sebitdir. Bu ýerde çöl landşaftlary ekologik ulgamyň agdyklyk edýän görnüşidir, ol sebitiň 80%-den gowragyny tutýar. Bu bolsa ony howanyň guraklaşmasy ýerliginde çägeli we tozan tupanlarynyň garşysynda ejiz edýär. Bu-da, öz gezeginde, tebigy faktorlara täsir edýär, howa döwürleriniň möhletini uzaldýar we ýerden hem suwdan peýdalanylyşyna düzedişler girizýär. Bu köptaraplylyk döwlet edaralarynyň işgärleri, tebigy ylymlar boýunça alymlar, howaşynaslar, ekologlar tarapyndan garaldy we bäştaraplaýyn maslahatyň gün tertibinde ileri tutulýan ugur boldy. Maslahata gelenler çölleşmäge we ýeriň zaýalanmagyna itergi berýän ýagyn, guraklyk, ýylylyk ýa-da aýaz tolkunlaryny bellige alýan howaşynaslaryň maglumatlary bilen tanyşdylar we antropogen faktorlar, oba hojalygynyň öndürijiligi hem ýerüsti suwlaryň hili barada söhbet etdiler. Adaty energiýa üpjünçiliginiň öwezçileri, gün batareýalaryny ulanyp boljakdygy, öri meýdanlarynyň gezekli ulanylyşyna ylmy taýdan esaslanan çemeleşmeler we sagdyn daşky gurşawy goramak, ýagny sebitleýin durnuklylygy saklamagyň esaslary ara alnyp maslahatlaşyldy».

Maslahata gatnaşanlaryň biri, NIPRŽM-iň bölüm müdiri B.Durdyýew çölüň ekologik ulgamyny dikeltmegiň, howanyň üýtgeýän şertlerinde biodürlüligi saklamagyň, daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň, tebigy baýlyklardan ýerlikli peýdalanmagyň esasy meseleleriň biridigini, bu ugurda sebit ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda-da, köp tejribe toplanandygyny belledi. Wagtyň synagyndan geçen usullar häzirem işjeň ulanylýar. Adamlar geljek üçin abadan ekologiýa ýagdaýyny saklamak we Ýer ýüzünde tygşytly, ekologiýa taýdan arassa hem netijeli energiýa ulanylyşly düzgün gurmak, agrosenagat toplumyny häzirki ösüş derejesinde saklamak isleýärler we munuň mümkindigine ynanýarlar. Häzirki wezipeleri saklamak sebit ýurtlaryna şu günki gün oba hojalygynyň durnukly önümçiligini meýilleşdirmäge, tebigaty goramaga we onuň öz-özüni täzelemegine goldaw bermäge mümkinçilik berýär. Tejribe alyşmak duşuşyga gatnaşanlaryň ählisi üçin peýdaly boldy, çünki ol häzirki sebitleýin strategiýalar we döwletiň içerki ýagdaýyna degişli çäreler, olaryň durmuşa geçirilişiniň kagyz ýüzünde däl-de, iş ýüzündäki anyk täsiri bilen tanyşdylar we bar bolan ýetmezlikleri ýüze çykardylar.

Ekologlaryň Daşkentdäki duşuşygynda «tokaýlary parahatlykly dolandyrmagyň global başlangyjy» diýlip atlandyrylýan zat, onuň düýp manysy, mümkinçilikleri we sebit üçin garaşylýan PTK-sy teklip edildi. Bu ýerligiň çäginde meýilleşdirilen çäreleriň biri-de, şunuň ýaly sebitlerde ýaşaýan ilatyň bähbidine we talaplaryna laýyk gelýän serhedaşa tebigy baýlyklary dikeltmek bolup biler. Ýer baýlyklaryny we biodürlüligi gorap saklamaga toplumlaýyn çemeleşme barada pikir alyşmaga ep-esli wagt sarp edildi. Howa bilen oba hojalygy ulgamyny güýçlendirmek we berkitmek üçin özgertmäge edilen maýa goýumlarynyň arasyndaky baglanyşyk meşhur tema boldy. Toparlaýyn işiň netijesinde bäş ýurduň wekilleri milli we sebitleýin ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutmak bilen, serhedaşa hyzmatdaşlyk taslamalary barada ýörelge taýýarladylar. BMG-niň şol ýerde bar bolan halkara guramalary bu seminaryň netijeleriniň çölleşmä garşy göreş Konwensiýasynyň (UNCCD) kätipligi tarapyndan öwreniljekdigini, bu taslamalaryň mümkinligini we maliýeleşdirilmegine baha bermek ýaly serhedaşa hyzmatdaşlyk barada has jikme-jik teklip taýýarlamak üçin hyzmatdaşlary çekjekdigini aýtdylar. Bäş ýurtdan gelen kärdeşler ulanma we rekultiwasiýa, ýagny zaýalanan ýerleri «sagaltmak» meselesine toplumlaýyn çemeleşmek barada maslahat geçirdiler. Ekin we öri meýdanlary galla mekanymyzdyr, abadançylygyň esasydyr, şonuň üçin seminara gatnaşanlar zerur bolan hasyllylygy saklamak üçin toprak baýlyklaryna, ulanylyşyň ekologiýa taýdan arassalygyna, suwaryşa we dökün bilen üpjün etmäge üns bermegi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň görkezişi ýaly, ekin dolanyşygyny iň möhüm zat diýip hasaplaýarlar.

Häzirki wagtda sebitde ýer baýlyklary baradaky tiz çözgütli jikme-jik maglumata, şol sanda çägeli we tozan tupanlarynyň täsirini azaltmak boýunça geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly maglumata-da bolan isleg çalt ösýär. Täze tehnologiýalary ulanmak bilen, ýer baýlyklaryny, toprak häsiýetlerini we düzümini takyk kartalaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek ýer we suwdan peýdalanmak meýilleşdirilende karar kabul etmek üçin möhüm esas bolup durýar. Mundan başga-da, Ýer ýüzüniň uzakdan alnan şekilleriniň özenini operatiw düşündirýän paneller şeýle tebigy faktorlaryň çeşmeleriniň kartasyny öz içine alyp biler. Bu bolsa, öz gezeginde, deslapky duýduryş ulgamy, howpuň derejesini kesgitleme we beýlekiler ýaly ulgamlaryň işine ýardam edýär. Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň wekilleri şunuň ýaly ekologik paneliň umumy bähbitlerde birleşip, ylym we önümçilige deň derejede hyzmat edip biljekdigine, şeýle hem halkara jemgyýetçiliginiň BMG-niň gurluşlarynda toplan ösen tehnologiýalaryny ulanyp boljakdygyna ünsi çekdiler. «Çägäniň we tozanyň howada ýaýramagy döwlet serhetlerini ykrar etmeýän mesele bolup durýar, şonuň üçin-de bu ýerde sebitleýin hyzmatdaşlyk, syýasaty sazlaşdyrma we bilelikdäki hereketler şu günüň zerurlygydyr» diýip, Daşkent maslahatyna gatnaşanlar aýtdylar. Çykyş edenler çölleşmegiň we howanyň üýtgemeginiň netijeleriniň öňüni almak üçin bäş ýurtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň üstünliklerini görkezdiler. Ara alnyp maslahatlaşylmak üçin eýýäm işlenip düzülen we anyk durmuşa geçirilmegine, şol sanda MFSA-nyň çäginde durmuşa geçirilmegine garaşýan beýleki resminamalar teklip edildi.