Ï «Kompozitor» filminiň ilkinji görkezilişi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygyna gabatlanar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Kompozitor» filminiň ilkinji görkezilişi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygyna gabatlanar

view-icon 2153
«Kompozitor» filminiň ilkinji görkezilişi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygyna gabatlanar

Milli telewideniýede Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygyna gabatlanyp «Kompozitor» çeper filmi ilkinji gezek görkeziler.

Film 30-njy martda «Altyn asyr: Türkmenistan», «Türkmenistan», «Ýaşlyk», «Miras», «Türkmen owazy», «Aşgabat» we «Arkadag» teleýaýlymlarynda sagat 21:00-da «Watan» habarlar programmasyndan soň görkeziler. «Kompozitor» filmi režissýor Maksat Gylyjowyň ssenarisi esasynda döredildi. Onuň ýordumynda adamzadyň özboluşly medeni mirasy hökmünde saz temasy açylyp görkezilýär.

Filmiň baş gahrymany – maşgalanyň saz ýörelgesini dowam edýän ýaş kompozitor Merdan (Atageldi Rozyýew). Jana tenekar saz oňa we onuň hossarlaryna durmuş kynçylyklaryndan rüstem gelmäge kömek edýär. Mundan başga-da, kompozitoryň zehini çagalara saz sungatyny öwrenmäge ruhlandyrýar.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekilleriniň bellemegine görä, hoşniýetli duýgulara baý bu film tomaşaçylar köpçüligine niýetlenendir. Filmde M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, TMK-nyň ýanyndaky Aşgabadyň Ýörite sazçylyk mekdebiniň we Şükür bagşy adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary surata düşdüler.

Film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen döredildi.