Ï Aşgabatda fijital-sport boýunça ýaryşlar başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda fijital-sport boýunça ýaryşlar başlandy

view-icon 3034
Aşgabatda fijital-sport boýunça ýaryşlar başlandy

Şu gün Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda fijital-sport boýunça ýaryşlar tapgyry we «Açyk gapylar hepdeligi» başlandy.

«Fijital» adalgasy – physical (beden) we digital (sanly) iki sözden ybarat bolup, hakyky we wirtual birleşmegi aňladýar. Sport nukdaýnazaryndan, bu iki görnüşli bäsleşikdir. Onda şol bir topar ilki hakyky sportda, soň bolsa bu sporta meňzeş elektron sport oýnunda göreşýär.

Paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň we umumy bilim berýän orta mekdepleriniň toparlarynyň gatnaşýan bäsleşigi dört ugur boýunça – fijital-futbol, fijital-basketbol, fijital-stoluň üstünde oýnalýan tennis we fijital-karate-do boýunça geçiriler.

Fijital-futbol, fijital-basketbol, fijital-stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda, fijital-karate-do boýunça fiziki bäsleşik – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýaryşlary geçirmek üçin zerur şertler döredilen beýleki sport toplumynda geçiriler.

Fijital-sport ýaryşlary we «Açyk gapylar hepdeligi» 6-njy aprelde tamamlanar, onuň çäklerinde «Ylymda, bilimde we sportda innowasiýa tehnologiýalary» atly sergi we ylmy-amaly maslahat geçiriler.

Fijital-sport Türkmenistanda täze başlan sportdyr. Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat toparymyz Kazanda geçirilen birinji multisport «Geljegiň oýunlarynyň» fijital-futbol,  fijital-basketbol oýunlaryna gatnaşdylar.