Ï Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, dokma önümleri, çaga eşikleri we konditer önümleri sowgat hökmünde Täjigistana berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, dokma önümleri, çaga eşikleri we konditer önümleri sowgat hökmünde Täjigistana berildi

view-icon 3061

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp, 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma önümleri, çaga eşikleri, konditer önümleri sowgat hökmünde Täjigistan Respublikasyna berildi.