Ï Daşoguzyň bagşylar muzeýinde meşhur dessançy bagşy A.Myradowanyň 100 ýyllygy bellendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzyň bagşylar muzeýinde meşhur dessançy bagşy A.Myradowanyň 100 ýyllygy bellendi

view-icon 2030
Daşoguzyň bagşylar muzeýinde meşhur dessançy bagşy A.Myradowanyň 100 ýyllygy bellendi

5-nji aprelde Daşoguz welaýatynyň bagşylar muzeýinde Türkmenistanyň halk bagşysy Akjagül Myradowanyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda oňa ilkinji zenan dessançylaryň biri diýilýär.

Akjagül Myradowa 1924-nji ýylyň 13-nji martynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda dünýä inipdir. Çagalykdan ene-ata söýgüsinden mahrum bolan Akjagül we doganlary ilki, garyndaşlarynyň elinde, soň çagalar öýünde terbiýelenýärler. Onuň aýdym-saza bolan höwesi ýaşlygyndan oýanyp başlaýar. Ese-boýa galandan soň, Akjagül meşhur Magtymguly Garlynyň ýaş oglan-gyzlardan düzülen aýdym-saz toparyna gatnap ugraýar.

Adaty sungaty halypasy, meşhur dessançy bagşy we ezber sazanda Magtymguly Garlyýewden hem beýleki bagşylardan alan Akjagül tiz wagtdan «Hüýrlukga-Hemra», «Şasenem-Garyp», «Saýatly-Hemra», «Bezirgen» dessanlaryndan aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän meşhur bagşy bolýar.

Akjagül Myradowanyň türkmen milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekde eden hyzmatlary göz öňünde tutulyp, oňa «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» we «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly atlar dakylýar. Şeýle hem ol «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglandy.

Akjagül Myradowa diňe bir meşhur halypalarynyň ýerine ýetiriş sungatyny däl, eýsem, olaryň medeni mirasy gorap saklamaga we nesilden-nesle geçirmäge goşant goşýan halypalyk däplerini-de dowam etdirdi. Bu günki gün bu şöhratly ýoly onuň şägirtleri – Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýbibi Atahanowa, dessançy bagşy Bahar Agaýewa, Gurbangül Amanowa we Bahargül Galpakowa dagy dowam etdirýärler.

Meşhur dessançy bagşynyň 100 ýyllygynyň hormatyna geçirilen çärede onuň ömür we döredijilik ýoly, zehininiň halk tarapyndan ykrar edilmegi we ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan milli aýdym-saz medeniýetini ösdürmäge goşan uly goşandy barada gürrüň edildi.

Ilhalar bagşylaryň Akjagül Myradowanyň repertuaryndan ýerine ýetiren aýdym-saz dabarasynyň alyp baryjysy muzeýiň müdiri, bagşy Begenç Haknazarow boldy.

«Şähribossan» zenan bagşylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» aýdymy duşuşygyň soňky «şelpesi» boldy.