Ï Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy

view-icon 2430

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Azyk senagaty döwlet birleşigine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine Mary welaýatynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.