Ï Aşgabatda fijital-sport boýunça ýeňijiler kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda fijital-sport boýunça ýeňijiler kesgitlenildi

view-icon 2496
Aşgabatda fijital-sport boýunça ýeňijiler kesgitlenildi

Aşgabatda her ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan fijital-sport ýaryşlary tamamlandy. Ýaryşlar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumlarynda geçirildi.

Paýtagtymyzyň ýokary okuw jaýlarynyň we orta mekdepleriniň toparlarynyň gatnaşan bu ýaryşlary dört ugur boýunça: fijital futbol, fijital basketbol, fijital stol tennisi we fijital karate-do boýunça geçirildi.

«Fijital» adalgasynyň «hakyky» we «howaýy» diýmegi aňladýan «physical» (beden) we «digital» (sanly) sözlerinden ybaratdygyny ýatladýarys. Sport babatynda bu iki görnüşli ýaryş bolmak bilen, onda şol bir topar ilki hakyky sportda, soň bolsa bu sport görnüşine meňzeş elektron sport oýnunda ýaryşýarlar.

Maksatnamada bellenen ähli sport görnüşleriniň netijeleri boýunça ýokary okuw jaýlarynyň toparlarynyň arasynda birinji ýeri 5 altyn medal gazanan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary eýeledi. Orta mekdep okuwçylarynyň arasynda bolsa 3 altyn medal gazanan Aşgabat şäheriniň 52-nji orta mekdebiniň okuwçylary öňdeligi eýeledi.

Fijital-sport Türkmenistanda diýseň çalt meşhurlyk gazanýar. Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplaryndan ybarat toparymyz Kazanda geçirilen ilkinji köp sportly «Geljegiň oýunlarynyň» çäginde fijital futbol we fijital basketbol oýunlaryna gatnaşdylar.