Ï Türkmenistanly agyr atletikaçy Taýlandda geçýän 2024-nji ýyl Dünýä kubogynda kümüş medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly agyr atletikaçy Taýlandda geçýän 2024-nji ýyl Dünýä kubogynda kümüş medal gazandy

view-icon 1389
Türkmenistanly agyr atletikaçy Taýlandda geçýän 2024-nji ýyl Dünýä kubogynda kümüş medal gazandy

Türkmen türgeni Maksat Meredow Phuketde (Taýland) dowam edýän agyr atletika boýunça Dünýä kubogynda silterläp galdyrmak, itekläp galdyrmak we iki görnüşiň jemi boýunça üç sany kümüş medal gazandy. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň esgeri bu üstünlige baýrak ugrunda 8 türgeniň bäsleşýän 81 kilograma çenli olimpiada degişli däl agram toparynda mynasyp boldy.

Birinji maşkda türgenimiz ilki 142 kg, soň 146 kg göterip, ilkinji iki synanyşykdan üstünlikli peýdalandy. Iň soňky synanyşykda 150 kilogramlyk demir baş bermedi, netijede M.Meredow ýaryşyň birinji bölümini Aziýa çempionyndan, Aziýa oýunlarynda silterläp götermekde we iki görnüşiň jeminde iki rekord gazanan, Hançžouda (Hytaý) geçen Aziadanyň we Dohada (Katar) geçen II Gran-pri halkara ýaryşlarynyň çempiony Ri Çoň Sondan (KNDR) 18 kg yza galmak bilen 2-nji orunda tamamlady.

Maksat itekläp götermekde-de iki synanyşyk edip, yzly-yzyna 175 we 182 kg göterdi. Netijede, iki görnüşiň jeminde ol 328 kg – 2021-nji ýylda Daşkentde (Özbegistan) geçen Aziýa çempionatynda 73 kilograma çenli olimpiada degişli agram toparynda görkezen iň gowy netijesinden 8 kg az göterdi. Şonda ol itekläp götermekde 189 kg, iki görnüşiň jeminde 336 kg götermek bilen, iki sany kümüş medal gazanypdy.

Şeýlelik bilen, jemleýji teswirnamada biziň ildeşimiz 2023-nji ýylda Gawanada (Kuba) geçen «Gran Pri» ugrundaky ýaryşyň bürünç medalçysy, ilkinji üçlügiň soňky türgeni Samuel Gertinden (Kanada) 13 kilogram köp, ýaryşyň ýeňijisi Ri Çoň Sondan 38 kg az göteripdi (KHDR).

23-nji iýunda 24 ýaşy dolýan Maksat Meredowyň uly ýaryşda baýrakly ýeri almagy ilkinji gezek däl. Ol 2019-njy ýylda Suwa şäherinde (Fiji Respublikasy) geçirilen ýetginjekler Dünýä birinjiliginde 73 kilograma çenli agram toparynda bürünç medala mynasyp bolupdy, 2021-nji ýylda bolsa Daşkentde geçen ýaryşlarda şol bir agram toparynda Aziýanyň wise-çempiony boldy.

2024-nji ýylyň tomus Olimpiýa oýunlarynyň soňky saýlaw tapgyry bolan 2024-nji ýyl Dünýä kubogyna Türkmenistandan 11 türgen (9 erkek we 2 zenan) gatnaşýar. 73 kilograma çenli agram toparynda çykyş eden Bektimur Reýimow we Bunýad Raşidow 41 sportçynyň arasynda, degişlilikde, 11-nji we 14-nji orny eýelediler. Bektimur iki maşkyň jeminde 333 kg gazandy (silterläp götermek – 153 kg, itekläp götermek – 180 kg), Bunýad bolsa – 325 kg (155 + 170).

357 kg (162 + 195) netije gazanan Şatlyk Şöhradow 89 kilograma çenli agram toparynda 36 türgeniň arasynda 9-njy orny eýeledi. 2024-nji ýylda geçirilen Aziýa çempionatynda şu agram toparynda bürünç medal alan 81 kilogram agramly Gaýgysyz Töräýew silterläp götermekde goýlan agyrlygyň hiç biriniň hötdesinden gelip bilmedi, netijede çykyşyny nol hasap bilen tamamlady. Seýitjan Mirzaýew (61 kilograma çenli) silterläp götermekde, Kristina Şermetowa (59 kg çenli) bolsa itekläp götermekde hut şunuň ýaly şowsuzlyga uçrady.

Phuketde geçýän agyr atletika boýunça Dünýä Kubogy 11-nji aprelde tamamlanar.