Ï ABŞ-dan gelen a kapella topary ýurdumyzyň talyplary üçin ussatlyk derslerini geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ABŞ-dan gelen a kapella topary ýurdumyzyň talyplary üçin ussatlyk derslerini geçirdi

view-icon 1371
ABŞ-dan gelen a kapella topary ýurdumyzyň talyplary üçin ussatlyk derslerini geçirdi

Ýakynda Aşgabatda we Daşoguzda a kapella žanrynda çykyş edýän amerikaly aýdymçylaryň konsertleri geçiriler.

Wokalçylar Adriana Latonio, Molli Dieni we Liza Hokins çykyşlary bilen türkmen tomaşaçylaryny begendirmezden ozal, ýaş zehinler bilen tanyşmak we hünär tejribesini alyşmak üçin, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine baryp gördüler.

Ussatlyk dersi görnüşindäki döredijilik duşuşygy daşary ýurtly artistler we sazçylyk mekdebiniň okuwçylary üçin hem netijeli boldy. Tejribeli ýerine ýetirijiler okuwçylara seslerine ynamly erk edişlerini görkezdiler şeýle hem a kapella žanyrynyň inçe tilsimleri bilen tanyşdyrdylar.

«Queens of Alaska» ady bilen-de tanalýan «Pipeline Vocal Project» wokal toparynyň konsert çykyşlary Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň we D.Owezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde çykyşlaryny öz içine alýar. Esasy aýdym-saz maksatnamasyndan başga-da, sahnada türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen tanymal sazlar ýerine ýetiriler.

– Bu ýyl biziň ýurdumyz Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belleýär – diýip, horuň ýolbaşçysy Maýagözel Amangeldiýewa aýdýar. – Biziň kompozitorlyk mekdebimiz türkmen şygryýetiniň ussadynyň goşgularyna döredilen köp saz kompozisiýasyny özünde saklaýar. Bilelikdäki konsertde çykyş etmek üçin, biz Weli Ahmedowyň «Gözüm düşdi» we «Türkmeniň» atly iki sany meşhur eserini taýýarlamagy makul bildik.

Daşary ýurtly artistler türkmen dilindäki goşgulary öwrenýärkäler, ýokary gyzyklanma we ajaýyp dil ukyplaryny görkezdiler. Bilelikdäki taýýarlyk çykyşy bolsa öňümizdäki konsertlere gatnaşjaklaryň hemmesine köp ajaýyp duýgy berdi.

Amerikaly aýdymçylaryň Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikdäki konserti 12-nji aprelde (19:00-da) N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda bolar.

Daşary ýurtly artistleriň D.Owezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi bilen konsertini 14-nji aprelde (19:00) Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda diňläp bilersiňiz. 

Konsertleriň hemmesine giriş tölegsizdir.