Ï Aşgabat şäheriniň häkimine we häkiminiň orunbasaryna berk käýinç yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat şäheriniň häkimine we häkiminiň orunbasaryna berk käýinç yglan edildi

view-icon 3026

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, tabynlygyndaky düzümlere gözegçiligi gowşadandygy we Aşgabat şäherinde abadanlaşdyryş hem-de arassaçylyk işlerini geçirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Aşgabat şäheriniň häkimi Gandymow Rahym Nurgeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Gurbanow Baýrammyrat Myradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.