Ï Orient Silk Road Express syýahatçylyk otlusyndaky ýolagçylar Türkmenistanda boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Orient Silk Road Express syýahatçylyk otlusyndaky ýolagçylar Türkmenistanda boldular

view-icon 1682
Orient Silk Road Express syýahatçylyk otlusyndaky ýolagçylar Türkmenistanda boldular

Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça özüne çekiji demir ýol arkaly syýahatçylyk daşary ýurtly jahankeşdelere Merkezi Aziýa ýurtlarynyň taryhy ýerleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Gazagystandan gelýän teker üstündäki bäş ýyldyzly «myhmanhana» Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň şäherleriniň arasynda hereket edýär.

Şu ýyl Britaniýanyň Golden Eagle luxury Trains syýahatçylyk operatory tarapyndan guralan saparyň çäklerinde 30-dan gowrak ýurtlardan – Wengriýadan, Braziliýadan, Beýik Britaniýadan we beýleki ýurtlardan syýahatçylar türkmen paýtagtynyň hem-de Mary şäheriniň ähmiýetli gözel ýerlerine baryp gördüler.

Syýahatçylara gadymy taryhly, baý medeni we özboluşly däp-dessurly täsin ýurt bolan Türkmenistany özleri üçin açmaga «Suwara» türkmen syýahatçylyk kompaniýasy kömek etdi. Bu kompaniýa Orta Aziýadaky iň uly metjitleriň biri bolan Türkmenbaşy Ruhy metjidine, Haly muzeýine, Garaşsyzlyk binasyna hem-de ýurduň beýleki gözel ýerleri boýunça gyzykly gezelençleri üpjün edýär.

Garagumda ýerleşen Derweze gazly ojagyna barlyp görülmegi daşary ýurtly myhmanlar üçin tanyşlyk saparlarynyň iň ýatda galyjy ýeri boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Ine, mart aýynda geçirilen Halkara syýahatçylyk maslahatynda öňdebaryjy türkmen we daşary ýurtly syýahatçylyk operatorlaryň geljegi uly hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi.