Ï «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» elektron žurnalynyň täze sanynyň üç makalasy Magtymguly Pyraga bagyşlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» elektron žurnalynyň täze sanynyň üç makalasy Magtymguly Pyraga bagyşlandy

view-icon 4314
«Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» elektron žurnalynyň täze sanynyň üç makalasy Magtymguly Pyraga bagyşlandy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň saýtynda «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň 2024-nji ýylda ilkinji sany çap edildi. Ol birnäçe ýaş alymlaryň ylmy barlaglarynyň netijelerini beýan edýär.

Olar türkmenleriň öňüni alyş diplomatiýasynyň taryhy köklerinden we ekologik taýdan hukuk düzgünbozmalar üçin kanuny jogapkärçilikden başlap, kompozitor Daňatar Hydyrowyň döredijiligindäki kino sazlara hem-de türkmen şekillendiriş sungatynda Watan gahrymanlarynyň keşplerine çenli ylmy-barlaglaryň we möhüm meseleleriň giň toplumyny gurşap alýar.

Žurnalda ýerleşdirilen «Ýylylyk üpjünçilik ulgamlarynda tebigy gazyň sarp edilişini tygşytlamak», «Häzirki zaman şertlerde ammar logistikasynyň guralyşy», «Ýerasty gidromineral suwlardan peýdaly elementleri saýlap almagyň mümkinçiligi», «Metallar kebşirlenende bölünip çykýan zyýanly gazlary azaltmak mümkinçilikleriniň seljerilişi», «Oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilende suwy tygşytlamagyň innowasion usullary», «Itburunyň miwesinden flawonoidleriň ekstraksiýa usulynyň işjeňleşdirilişi» atly we beýleki makalalar ylmy we amaly ähmiýete eýedir.

Žurnalyň üç makalasy ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryny dürli ugurlardan açyp görkezýär. «Magtymguly Pyragynyň eserlerinde öten zaman ortak işliginiň ulanylyşy» diýen makalada beýik söz ussady hökmünde Magtymguly Pyragynyň türkmen diliniň grammatikasynyň özboluşly aýratynlyklaryny giňden ulanandygy bellenilýär. Awtor çeper edebiýatyň we türkmen diliniň özara baglanyşyklydygyny, olaryň ösüşine Magtymguly Pyragynyň uly goşant goşandygyny nygtaýar. Gündogaryň beýik şahyry we akyldary çeperçiligi hem-de çuňňur mazmuny bilen tapawutlanýan eserlerini türkmen edebi dilinde ýazyp, ony esaslandyryjy hökmünde taryha girdi.

 «Magtymguly Pyragynyň we Gurbannazar Ezizowyň eserlerinde edebi däpleriň arabaglanyşygy» atly makalada nusgawy şahyryň ynsanperwer maksatlara, parasada we öňdengörüjilige baý edebi mirasynyň, umuman, türkmen edebiýatyna we hususan-da, ХХ asyryň türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Gurbannazar Ezizowyň döredijiligine eden çuňňur täsiri açylyp görkezilýär. Geçmişde ýaşap geçen ýazyjylara we şahyrlara uly üns beren Gurbannazar Ezizow Magtymguly Pyragyny özüniň baş halypasy hasaplapdyr, bu bolsa onuň köp ýaşamadyk ömründe döreden meşhur eserlerinde beýanyny tapypdyr.

Žurnalyň ýene-de bir makalasy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde mynasyp nesilleri hem-de zehinli şägirtleri terbiýelemek meseleleriniň şöhlelendirilişine bagyşlanypdyr. Awtorlar şahyryň kakasy Döwletmämmet Azada bagyşlan şygyrlaryna seljerme berip, eserlerde onuň kakasynyň maddy baýlyk bilen gyzyklanmadyk adam hökmünde şekillendirilendigini, ýöne ýurduň hal-ýagdaýy barada alada edendigini, ýagşy işleri amala aşyrandygyny hem-de halk tarapyndan söýülendigini belleýärler. Beýik Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň öz çagalarynyň watançy, oňat bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil adamlar bolup ýetişmekleri üçin alada edendigine şaýatlyk edýän setirleri getirilýär. Makalada ata bilen ogluň arasyndaky hormat goýmak gatnaşyklary türkmen halkynyň ýaşululara sarpa goýmak, bir işiň başyna barjak bolanyňda ýaşululardan rugsat almak, olaryň ak patasyny almak ýaly däpleriniň anyk ýüze çykmasy hökmünde açylyp görkezilýär.