Ï Balkan welaýatynda «Sahna ussatlygy – ynsan çyragy, müdimisiň Magtymguly Pyragy» diýen at bilen welaýat bäsleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynda «Sahna ussatlygy – ynsan çyragy, müdimisiň Magtymguly Pyragy» diýen at bilen welaýat bäsleşigi geçirildi

view-icon 2779
Balkan welaýatynda «Sahna ussatlygy – ynsan çyragy, müdimisiň Magtymguly Pyragy» diýen at bilen welaýat bäsleşigi geçirildi
camera-icon
Andreý Pakulow

Şu günler ähli ýerlerde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralýan dürli medeni çäreler toplumy giň gerime eýe bolýar. Täsirli, ýatda galyjy pursatlara baý bolan şeýle gyzykly bäsleşikleriň biri-de welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki welaýat döwlet drama teatrynda geçirildi.

Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guran bu bäsleşiginde Günbatar sebitiň halk teatrlarynyň we halk gurjak teatrlarynyň döredijilik toparlary özara bäsleşdiler. Onuň dowamynda welaýatyň artistleri birnäçe ugurlar boýunça öz zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle-de olaryň meşhur akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbini ussatlyk bilen janlandyryp, ýerine ýetiren sahna oýunlary juda şowly boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýaň salan gymmatly kitaplary esasynda goýlan ajaýyp sahna eserleri ýokary çeperçiligi, mazmun taýdan baýlygy, iňňän uly taryhy ähmiýeti bilen tapawutlandy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus beýik ösüşlerimizi, şonuň ýaly-da milli mirasymyzyň we medeniýetimiziň özboluşly aýratynlyklaryny şöhlelendiren edebi-sazly çykyşlar tüýs ýerine düşdi. Munuň özi welaýatyň etraplarydyr şäherlerindäki teatrlaryň işiniň kämilleşendigine, täze ýaş zehinleriň ýüze çykýandygyna, şol bir wagtda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Bäsleşigiň jemi jemlenende, halk teatrlarynyň arasynda geçen bäsleşikde Bereket etrabynyň medeniýet bölüminiň halk teatry birinji orna mynasyp boldy. Welaýatyň Magtymguly etrabynyň we Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň halk teatrlary hem degişlilikde 2-nji, 3-nji orunlary eýelediler. Şeýle-de halk gurjak teatrlarynyň bäsleşiginde Magtymguly etrap hem-de Türkmenbaşy şäher medeniýet bölümleriniň halk gurjak teatrlary öňe saýlanyp, ýeňiji boldular.