Ï «Türkmen dünýäsi» gazeti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini geçirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmen dünýäsi» gazeti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini geçirýär

view-icon 2438
«Türkmen dünýäsi» gazeti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini geçirýär

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen dünýäsi» gazeti Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy» atly döredijilik bäsleşigini geçirýär.

Bäsleşik Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty we Magtymguly Pyragynyň tebigata we daşky gurşawa bolan söýgüsi bilen baglanyşykly goşgulary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Bäsleşik tebigat bilen adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary nygtamaga niýetlenendir. 

Bäsleşige şu edebiýat žanrlarynda ýazylan işler – goşgular, makalalar ýa-da hekaýalar kabul edilýär.

Işleri 25-nji awgusta çenli turkmendunyasi@sanly.tm elektron poçta ýa-da «Türkmen dünýäsi» gazetiniň Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany salgydaky redaksiýasyna ibermeli.

Işler ozal metbugatda çap edilmedik bolmaly.

Dalaşgärler özi hakda (doglan ýyly, iş we ýaşaýan ýeri, işi, telefon belgisi) barada gysgaça maglumat bermeli.

Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri şu ýylyň sentýabr aýynda yglan ediler. Ýeňijiler hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanylar.

Sowallar üçin telefonlar: 38-60-44; 38-60-41.