Ï Amerikaly topar Aşgabatda konsert berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amerikaly topar Aşgabatda konsert berdi

view-icon 1915
Amerikaly topar Aşgabatda konsert berdi
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda alýaskaly A kapella toparynyň Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hory bilen bilelikdäki konserti boldy.

Diňleýjileriň arasynda çaga köpdi. Sebäbi, amerikaly üçlügiň repertuarynda Disneý multiplikasion filmlerden aýdym köpdi. Hut şol sebäpden-de konsertiň guramaçylary bilelikde çykyş etmäge sazçylyk mekdebiniň okuwçylaryny çekipdiler. A kapella topary Adriana Latonio, Liza Hawkins we Motiý Deniden ybaratdy. Olaryň beýleki estrada wokalçylaryndan esasy aýratynlygy aýdym aýdýan bu gyzlar sahnada sazandasyz öz başlaryny çalaýarlar. Ine, indi bäş ýyl bäri olar bitboks diýilýän usuly ulanmak bilen, saz guralsyz bilelikde işleýärler. Gyzlar dürli saz gurallaryň heňini ýerine ýetirýärler, zaldaky diňleýjiler bolsa urlup çalynýan gurallaryň, goboýyň, saksafonyň sesini eşidýärler.

«Maugli», «Zoluşka», «Enkanto», «Suw perijigi» multfilmlerden aýdymlar şu usulda ýerine ýetirildi. Mundan başga-da konsert maksatnamasynda meşhur estrada aýdymlary bardy. Wokalçylar olary towsaklap, sazyny bolsa mikrofony pitikläp we barmaklaryny şyrkyldadyp ýerine ýetirdiler.

Konserte taýýarlananlarynda, gyzlar Magtymguly Pyragynyň goşgularyna «Gözüm düşdi» we «Türkmeniň» aýdymlaryny öwrenip, olary sazçylyk mekdebiniň hory bilen bilelikde ýerine ýetirdiler. Konsert Liza Hawkinsiň hormeýsterlik etmeginde ýerine ýetirilen «Heý Jude» aýdymy bilen tamamlandy.

Diňleýjileriň bu aýdymy gaýtalap aýtmak baradaky haýyşyny horçular onuň soňky bendini ýene bir gezek ýerine ýetirmek bilen kanagatlandyrdylar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň birinji ýyl talyplary Aziza Babajanowa we Tatýana Mamedowa bu taslamanyň özlerinde galdyran täsiri barada şeýle gürrüň berdiler:

– Mekdebimiziň ýolbaşçylary, biziň iňlis dili kursuny tamamlandygymyzy bilip, bizi bu taslamanyň işine terjimeçi hökmünde çekdiler – diýip, Aziza gürrüň berýär. – Men iňlis dilinden türkmen diline terjime etdim, Tatýana bolsa – rus diline.

– Ýogsa-da – diýip, Tatýana gürrüňe goşuldy. – Biz amerikaly gyzlara öz sözlerimizden birnäçesini öwretdik. Olar hor bilen işlänlerinde şu sözlerden peýdalandylar. Şunuň ýaly gözýetimiňi giňeldýän, hünäriňi ösdürýän we durmuşa gyzykly heňler goşýan taslama köpräk bolsady.

Sözümiziň üstüne A kapella toparynyň Daşoguzda-da uly üstünlik bilen çykyş edendigini goşaýmak galýar.