Ï Ýurdumyzda «ýaşyl» şäherleriň ösüşi barada pikir alşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda «ýaşyl» şäherleriň ösüşi barada pikir alşyldy

view-icon 1784
Ýurdumyzda «ýaşyl» şäherleriň ösüşi barada pikir alşyldy

Mary şäherinde elektrik energetikasy pudagyna energiýany netijeli peýdalanýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça halkara tejribesini öwrenmek boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Bu okuw maslahaty «Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi» taslamasynyň çäginde guraldy.

Aşgabatda we Awazada «ýaşyl» şäherleriň toplumlaýyn ösüşi maksatnamasy BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýär.

Energetika ministrliginiň hünärmenleri, Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary we talyplary, TDEI-niň ýanyndaky «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň, şeýle hem durnukly şäherler boýunça taslamasynyň hünärmenleri we halkara maslahatçylary okuw maslahatyna işjeň gatnaşdylar. 

Çykyş edenler tarapyndan Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we BMGÖM-niň taslamasynyň bilelikde, energiýany netijeli peýdalanýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak boýunça ýerine ýetirilen nusgalyk işler barada habar berildi.

Çykyşlaryň dowamynda Energetika ministrliginiň BMGÖM-niň hünärmenleri bilen bilelikde energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek ugurlarda kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berildi, şol sanda «Türkmenistanda 2030-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa», «Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmeleri hakynda» we «Energiýa tygşytlylyk we energiýany netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary barada habar berildi. 

Global ekologik gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada «ýaşyl» şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi» taslamasy Türkmenistanda durnukly şäherleriň ösüşine, ekologik monitoringiň, galyndylary durnukly dolandyrmak, ulag ulgamyny durnukly ösdürmek işlerini amala aşyrmaga gönükdirilendir.