Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-Habitat-yň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-Habitat-yň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 2423
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-Habitat-yň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji M.Mlynaryň ýolbaşçylygyndaky BMG-Habitat-yň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alyşyldy.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar geljegi uly ugurlar hökmünde şäher gurluşyk kanunçylygy pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa, durmuş taýdan uýgunlaşan şäherleri ösdürmek üçin ählumumy maksatnamalary we strategiýalary durmuşa geçirmek meselelerine garadylar.

Şunuň bilen baglylykda duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda BMG-niň wekilçiligini giňeltmek maksady bilen Türkmenistanda BMG-Habitat-yň Sebitleýin edarasyny açmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler gatnaşyklary berkitmäge ygrarlydyklaryny we hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen dolduryp, mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardyklaryny bellediler.