Ï Behişdi bedew şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Behişdi bedew şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşinde

view-icon 2449
Behişdi bedew şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşinde
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda milli baýrama – Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan şekillendiriş we amaly-haşam sungaty işleriniň sergisi açyldy. Oňa akademiýanyň talyplary we mugallymlary gatnaşyp, 300-den gowrak iş hödürlediler. Bu halkymyzyň söýgüli baýramyna bagyşlanyp her ýyl geçirilýän serginiň on üçünjisidir.

Surat eserleriniň arasynda iň ýatda galany ak ýerlikdäki köp reňk utgaşmasy sebäpli kollažy – ýelmeme sungaty ýada salýan suratdy. Ähtimal, suratkeş bu işinde möhüm ýaryşyň öňýany aýlawda geçirilen bir türgenleşigi beýan edendir. Suratyň adynyň we awtoryň familiýasynyň san belgisi bilen aňladylýandygyny ýatladýarys. Eserlerindäki tükeniksiz fantaziýa bilen tomaşaçylary geň galdyran bezegleri has-da tapawutlandylar. Şunuň ýaly işleriň biri galereýanyň girelgesinde ýerleşýär. Awtor çüýlerden we sapaklardan peýdalanmak arkaly ekran sungatyny ulanmak bilen, ajaýyp ahalteke bedewini şekillendiripdir. Bezegçi atyň ajaýyp reňkini tomaşaça endigan ýetirmegi başarypdyr.

Heýkeltaraşlyk usulynda beýan edilen taýjagaz bilen güjüjegiň dostlugy rehim-şepagat duýgusyny döredýär. Bu gahrymanlaryň her biri özüçe eýjejik, bilelikde bolsa olar – täsin. Şeýle-de bolsa, rehim-şepagat duýgusy ýaýnap oýnaklaýan taýjagazyň heýkeliniň öňünde döreýän haýranlyk duýgusyndan pes gelýär. Heýkelleriň ikisiniň hem tebigy täsir döredýän akril reňkler bilen örtülmegi häsiýetlidir.

Eserleriň, onda-da sungatyň ähli görnüşindäki eserleriň aglabasy bedewleri şekillendirýär. Bu toplumdaky iň täsirli işleriň biri-de gobelendir. Awtor şeýle bir bedew şekilini görkezipdir welin, oňa seredeniňde, eger hakykatdan görmedik bolsaň: «Munuň ýaly owadan bedew bolmaýar» diýen pikir döreýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary we mugallymlary zergär önümleriniň ägirt uly toplumyny hödürledi. Olaryň arasynda bedew mowzugyna ýanalan ajaýyp zenan şaý-sepleri, şeýle hem bedew esbaplary bar. Bu şaýlaryň her biri, ulaltman aýdanyňda, sungat eseridir.

24-nji aprele çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň işleriniň sergisine bäsleşige gatnaşmak isleýän ähli suratkeşleriň işleriniň goşuljakdygyny we onuň bir ýokary okuw mekdebiniň sergisinden döwlet sergisine öwrüljekdigini bellemelidiris. Her ugruň ýeňijisine sylag gowşurylar.