Ï ÝHHG-niň maslahatynda telekeçi hukugyny goramakda biznes-adalatçynyň orny ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ÝHHG-niň maslahatynda telekeçi hukugyny goramakda biznes-adalatçynyň orny ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2014
ÝHHG-niň maslahatynda telekeçi hukugyny goramakda biznes-adalatçynyň orny ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu ýylyň 15-nji aprelinde Aşgabatda ÝHHG tarapyndan guralan biznes-adalatçynyň edarasynyň döredilmegine we telekeçilik işini alyp barýanlaryň hukuklaryny hem kanuny bähbitlerini goramaga bagyşlanan maslahat bolup geçdi. Çärä Mejlisiň, Adalatçynyň diwanynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Söwda-senagat palatasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, şeýle hem degişli ministrlikleriň we ugurlaýyn ýokary okuw mekdepleriň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda ÝHHG agza ýurtlaryň köpüsinde iş alyp barýan biznes-adalatçynyň edarasynyň taryhy, halkara tejribesi we ösüş mümkinçiligi barada gürrüň edildi. ÝHHG adam hukuklaryna hormat we esasy azatlyklara, şol sanda ykdysady azatlyga özüniň hemme zady içine alýan ygtybarly ýörelgesiniň esasy düzüm bölegi hökmünde garaýar.

Halkara bilermen maslahata gatnaşýanlara biznes-adalatçynyň edarasyndaky içerki özgertmeler we onuň kämilleşdirilişi baradaky maglumatlary, şeýle hem telekeçileriň hukuklaryny goramak ulgamyny sanlylaşdyrma boýunça amaly mysallary ýetirdi. Maslahata gatnaşanlar, zenan telekeçiligine aýratyn üns bermek bilen, kiçi we orta kärhanalaryň ösüşinde biznes-adalatçynyň orny barada pikir alyşdylar.