Ï Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

view-icon 1885
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

18-nji aprelde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Merkezi banky bilen bilelikde guralan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri: akyldar şahyryň arzuwlan zamanasy» çäresi geçirildi.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň eýwanynda açylan Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň sergisi, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-saz konsertine şu okuw jaýynyň talyplary, mugallymlary we köp sanly myhmanlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we gazetleriň redaksiýalarynyň wekilleri çärä gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendiler. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň şygryýeti diňe bir Türkmenistanyň milli hazynasy bolman, eýsem, dünýä medeniýetiniň-de hazynasydyr.

Ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçirilýän şu ýyly TÜRKSOÝ halkara guramasy «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan etdi. Häzirki wagtda hemme ýerde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň mirasyna bagyşlanan dürli bäsleşikler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar we beýleki medeni çäreler geçirilýär.

Konsert Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkeş Mätnazarowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» we «Monça bol» aýdymlary bilen açyldy. Konsertde Magtymguly Pyragynyň goşgularyna aýdymlar türkmen kompozitorlarynyň meşhur eserleri ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň ýaş nesli üçin Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň hem-de filosofiýasynyň ähmiýeti elmydama möhümdir. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde ynsanperwerlik, parahatçylyk, doganlyk we Watana bolan söýgi ýaly ruhy-ahlak gymmatlyklary beýan edilýär. Çünki olar dünýä dogry düşünmekde we şahsyýetiň ösmeginde esasy ýörelgeleriň biridir.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda guralan bu çäre Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geljekki çärelerden öňki ýene bir ýatdan çykmajak dabaralaryň biri boldy.