Ï Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasy gurlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasy gurlar

view-icon 2078
Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasy gurlar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara döwrebap binasy gurlar. Sanly ulgam arkaly geçirilern Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, pudagyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk pudagyna degişli netijeli işleriň alnyp barylmagynyň ýokary hilli hyzmatlary has-da döwrebap ýola goýmaga öz täsirini ýetirjekdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.