Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

view-icon 3782

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglary boýunça saýlawlaryny bellemek hakynda

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda, şol saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny 2024-nji ýylyň 7-nji iýulyna, ýekşenbe gününe bellemeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
D.Gulmanowa.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 20-nji apreli.