Ï Türkmen artistleri Ankarada konsert bilen çykyş etdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen artistleri Ankarada konsert bilen çykyş etdiler

view-icon 3953
Türkmen artistleri Ankarada konsert bilen çykyş etdiler

«Änew — türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen umumy atly çäreleriň we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň baýram edilmeginiň çäginde Ankarada «Türki dünýäniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy» atly konsert boldy.

Konsert Halkara TÜRKSOÝ guramasy, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan guraldy.

Konsertde Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Hanow, Döwletmyrat Hanmämmedow, Meýlis Goçmyradow, Maýýa Orazberdiýewa, Gülşat Gurdowa dagy çykyş etdi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» tansçylar topary bolsa gyzykly folklor çykyşlaryny görkezdiler.

Ankaraly saz muşdaklary türkmen halk artistleriniň we tansçylar toparynyň çykyşlaryny hyjuw bilen garşy aldylar, netijede konsert türk dünýäsiniň mukam baýramyna öwrüldi.