Ï Şu hepde ýurdumyzda garaşylýan howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şu hepde ýurdumyzda garaşylýan howa barada maglumat

view-icon 2566
Şu hepde ýurdumyzda garaşylýan howa barada maglumat

Hepdäniň dowamynda ýurdumyzda ýagyşly howa garaşylýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bahar ýagyşlary ýagar. Howanyň ortaça temperaturasy +33 gradus bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +12... +14 gradusdan +16... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +24 gradusdan +31... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradusdan +29... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +23... +28 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +29... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21.. +26 gradusdan +29… +34 gradus aralygynda maýyl bolar.