Ï Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky wekilhanasy daşky gurşawy goramak ugrundan düzme ýazmak boýunça bäsleşik geçirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky wekilhanasy daşky gurşawy goramak ugrundan düzme ýazmak boýunça bäsleşik geçirýär

view-icon 2198
Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky wekilhanasy daşky gurşawy goramak ugrundan düzme ýazmak boýunça bäsleşik geçirýär

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Planetamyza nädip kömek edip bilerin?» at bilen düzme ýazmak boýunça bäsleşik guraýar.

Döredijilik bäsleşigine 14–18 ýaş aralygyndaky ýaş daşky gurşaw işjeňleri çagyrylýar.

Hödürlenen işlerde galyndylary azaltmak, energiýany tygşytlamak, durnukly ösüşi üpjün etmek ýa-da howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin innowasiýa esaslanýan pikirler bolmaly.

Düzme türkmen, iňlis ýa-da rus dilleriniň birinde ýazylmaly. Onuň göwrümi boşluksyz ýagdaýda 8 müň belgiden az ýa-da boşluksyz ýagdaýda 10 müň belgiden köp bolmaly däldir.

Işler maý aýynyň 6-syna çenli aýgul.bashimova@eeas.europa.eu elektron salgy arkaly kabul ediler.

Ýeňijiler 1-nji iýunda mälim ediler.