Ï «Türkmen bedewi – 2024» sergi-bäsleşiginiň jemi jemlenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmen bedewi – 2024» sergi-bäsleşiginiň jemi jemlenýär

view-icon 1449
«Türkmen bedewi – 2024» sergi-bäsleşiginiň jemi jemlenýär
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Türkmen bedewiniň milli baýramyna sanlyja gün galdy. Diýmek, ahalteke bedewleriniň keşbini iň gowy şekillendirmek ugrunda döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilýän «Türkmen bedewi – 2024» bäsleşiginiň ýeňijileri belli bolar.

Bu ýyl Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda geçirilen bäsdeşlige halyçylyk, zergärçilik sungaty, žiwopis, fotosurat, heýkeltaraşlyk ugurlaryndan işleriň 342-si hödürlendi. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde publisistik işlere we wideoşekillere garalar.

Häzirki wagtda tanymal medeniýet we sungat işgärlerinden, atly seýislerden we atşynaslardan ybarat eminler topary işlere baha bermäge girişdi.

2012-nji ýyldan bäri geçirilýän we indi däbe öwrülen ahalteke bedewiniň keşbini sungatda iň gowy şekillendirmek ugrundaky bäsleşik heniz hem haýran galdyrýar. Häzirki sergi şu ýylky Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda we Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylynda geçirilýär.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, türkmen edebi dilini esaslandyryjy Magtymguly Pyragy öz eserlerinde dogduk topragynyň gözelligini, gahrymançylykly taryhyny we milli däp-dessurlaryny wasp etdi.

Ol öz şygyrlarynda türkmen ýigitleriniň ýakyn hemrasy – ahalteke bedewleriniň keşbine ençeme gezek ýüzlenipdir. Şonuň üçinem döredijilik işleriň köpüsi, şol sanda heýkeltaraşlyk kompozisiýalary şahyry ahalteke bedewli şekillendirýär.

Magtymguly Pyragynyň at barada aýdanlary türkmen topragynyň bezegi ahalteke bedewi milli mirasyň we halkymyzyň baýlygynyň nyşanydyr.

2023-nji ýylda ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu şanly waka döredijilik ussahanasynyň ussatlaryna meşhur «uçar ganatly» bedewleriň gözelligini, nepisligini, we gujuryny suratlandyrýan täze sungat eserlerini döretmek üçin ylham çeşmesi boldy.

Şu günler görkezilýän «Türkmen bedewi – 2024» sergisi Türkmenistanyň jadylaýjy täsinlikleriniň biri bolan bedewlere täzeçe garamagy teklip edýär.