Ï «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edilýär

view-icon 2724
«Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi we Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina ýola goýýar.

Çäräniň maksady Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň hazynasynyň bir bölegine öwrülen mirasyny giňden wagyz etmek, beýik akyldar şahyryň döredijiligini diňe bir ýurt çäginde däl, eýsem, bütin dünýäniň ýaşlarynyň arasynda çuňňur öwrenmekdir.

Wiktorina üç (türkmen, rus we iňlis) dilde barlag işi görnüşinde geçiriler. Soraglar nusgawy şahyryň baý edebi we filosofik mirasy, tanymal daşary ýurt ýazyjylarynyň Magtymguly Pyragy barada aýdan sözleri, beýik ýazyjynyň külli adamzat bähbidine hyzmat edýän ynsanperwer ýörelgeleri we onuň parasatly öwütleri bilen baglanyşykly bolar. Ýeňijiler barlagyň netijeleri we oňa sarp edilen wagt boýunça kesgitlenýär. Wiktorinanyň netijeleri boýunça iň uly baýraga mynasyp bolan we baýrakly ýerleri eýelän ýeňijiler, şeýle hem tapawutlanan talyplar höweslendiriji sylaglar bilen sylaglanar.

Çärä gatnaşmak isleýänlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm resmi web saýtynda ýerleşdirilen «Wiktorina gatnaşjaklaryň sowalnamasyny» doldurmak teklip edilýär. Wiktorina gatnaşjaklaryň resmi hasaba alnyşygy 2024-nji ýylyň 14-nji maýy, sagat 18:00-a çenli dowam eder. Bellige alnan talyplara ýaryşa gatnaşmak üçin salgylanma iberiler. Wiktorina 2024-nji ýylyň maý aýynyň 15-ne Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-dan 18:00-a çenli geçiriler.

Ýeňijiler kesgitlenenden soň, olaryň elektron salgysyna degişli habar iberiler. Wiktorinanyň ýeňijileri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaranyň çäginde guramaçylaryň adyndan ýadygärlik sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglanar. Halkara onlaýn wiktorinanyň ýeňijileriniň seslenmeleri we özlerinde galan täsirleriniň beýanyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi web saýtynda we bu guramanyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynda çap etmek göz öňünde tutulýar.

Habarlaşmak üçin salgylar:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm. resmi web saýty.

Telefon belgiler: : (+993 12) 44-88-73, 44-88-55.