Ï Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlar ýaňlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlar ýaňlandy

view-icon 2649
Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlar ýaňlandy
camera-icon
Wýaçeslaw Sarkisýan

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan uly konsert boldy.

Konsert Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşyýewiň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň «Hoş gal, Şirgazy» goşgusyna Nury Halmämmedowyň ýazan romansy bilen açyldy. Şirgazy medresesi bilen hoşlaşýan Magtymguly Pyragy gussa batýar, çünki ýürege ýakyn bu ýer şahyryň geljekki ykbalyna täsir edipdi. Begenç Moşşyýew ýigidiň ýürek nalasyny ussatlarça beýan etmegiň hötdesinden geldi.

Magtymguly Pyragynyň goşgularyna Nury Halmämmedowyň «Pukaraýam» we «Solupdyr pygan bilen» romanslaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Bahar Durdyýewa ýerine ýetirdi. Iki romans hem gadymy türkmen dilinde ýazylan. «Pukaraýam» romansynda «Watanymda han idim... indi weýran bir saraýam» diýen setirler bar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Arzygül Gylyjowa Magtymguly Pyragynyň goşgularyna kompozitor Hydyr Allanurowyň «Näme sen?» romansyny ýerine ýetirdi.

Konsert türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen dowam etdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow Nury Halmämmedowyň meşhur «Dutaryň owazy» eserini ýerine ýetirdi. Diňleýjiler Nury Halmämmedowyň fortepianoda dutaryň owazyny berip bilşine ýene bir gezek haýran galdylar. Kompozitoryň meýliniň takyk berilmegi pianinoçynyň eliniň ýüwrükligine bagly. Wladimir Mkrtumow bu wezipä ussatlyk bilen hötde geldi.

Kompozitor Aýna Şirowanyň iki eseri ýaňlandy. Bu eserleriň «Çagalar albomy» tapgyryna girizilendigi sebäpli, olary ýaş pianinoçylar ýerine ýetirdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň sekizinji synp okuwçysy Aýa Öwezowa «Sonatinany», 1-nji çagalar sazçylyk mekdebiniň bäşinji synp okuwçysy Teýla Şirowa «Myhmanlara garaşýarys» pýesasyny ýerine ýetirdiler. Teýla ikinji eseriň soňuny gaty üýtgeşik jemledi: ol roýala ýumrujagy bilen kakdy – bu myhmanlaryň eýýäm işikdedigini aňladýardy.

Konserte gatnaşan aýdymçylaryň ählisi üýşüp, bilelikde Çary Nurymowyň «Toý aýdymyny» ýerine ýetirdiler.

Konserti kamera ansambly kafedrasy gurady, bu konsert şu ýyl tutuş Türkmenistanda we dostlukly ýurtlarda bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli kafedranyň konsertler tapgyryndan üçünjisidi. Halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowa bilen Jennet Ataýewa çykyşlara sazandarlyk etdiler.